logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Society /Bedew — türkmen halkynyň ganaty, döwrüň şygarynyň nyşany
  30.12.2025
429
Bedew — türkmen halkynyň ganaty, döwrüň şygarynyň nyşany

Asyrlaryň dowamynda bedew türkmen halkynyň durmuşynda we medeniýetinde aýratyn orna eýe bolup, halkyň gaýduwsyzlygyny, sabyrlylygyny we öňe barýan ösüş ýoluny alamatlandyrdy.


Hut şu many-mazmun 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygarynda hem öz beýanyny tapýar. Bu şygar bedewiň milli buýsanç hökmünde eýeleýän ornuny görkezmek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ösüş ýolundaky ynamyny we öňe barýan depginini simwolik taýdan beýan edýär.


Türkmen bedewleri, ylmy taýdan Ahal-teke atlary diýlip atlandyrylýar we dünýäde iň gadymy at tohumlarynyň biri hasaplanylýar. Alymlaryň pikiriçe, bu tohumyň taryhy 3–5 müň ýyllyklardan gözbaş alýar. Bedewler Merkezi Aziýanyň gurak howa şertlerine uýgunlaşyp, ýokary çydamlylygy bilen tapawutlanýar.


Türkmen bedewleriniň esasy aýratynlygy — uzyn boýny, inçe süňk gurluşy, berk myşsa ulgamy we altynsow öwüşginli ýüňidir. Bu atlar diňe fiziki güýç bilen däl, eýsem akyllylygy we adama wepalylygy bilen hem tapawutlanýar. Bedew bir eýesine öwrenip, onuň bilen ruhy baglanyşyk döredýär. Ahal-teke bedewleri diňe bir milli miras däl, eýsem türkmen halkynyň ösüşe bolan ynamyny alamatlandyrýan gymmatlykdyr.

Aýbölek Kuwadowa,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby