logo

Latest news:
✦ Italiýa Respublikasynyň gününe bagyşlandy ✦ ✦ Döredijilik we gülläp ösüş ruhundaky şäher ✦ ✦ Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlary — Türkmenistanyň ösüş strategiýasynyň möhüm ugry ✦ ✦ Sonky jaň dabaralary ✦ ✦ Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ✦ ✦ Çyzuwly Geometriýa Boýunça IV Halkara Olimpiada ✦ ✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦
Home / Culture /Arheologiýa - geçmişiň syrly mirasyny öwrenýän ylym
  16.05.2026
103
Arheologiýa - geçmişiň syrly mirasyny öwrenýän ylym

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli taryhy-mirasymyzy öwrenmek, gorap saklamak we geljek nesillere ýetirmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda arheologiýa ylmy aýratyn ähmiýete eýedir. Arheologiýa adamzat siwilizasiýasynyň gadymy yzlaryny öwrenýän, geçmiş bilen häzirki döwrüň arasynda ruhy köpri döredýän möhüm ylmy ugurdyr.


Türkmenistanyň çäkleri gadymy medeniýetleriň we beýik siwilizasiýalaryň mekany hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Gadymy Margiana, Nusaý, Dehistan, Merw ýaly taryhy ýadygärlikler halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan baý medeni mirasynyň aýdyň subutnamasydyr. Arheologik gazuw-agtaryş işleri netijesinde ýüze çykarylýan taryhy tapyndylar diňe bir geçmişi öwrenmäge däl, eýsem halkymyzyň medeni ösüş derejesine has çuňňur düşünmäge mümkinçilik berýär.


Arheologiýa diňe taryhy öwrenýän ylym bolman, eýsem medeniýeti, sungaty, durmuş ýörelgelerini we gadymy adamlaryň ýaşaýyş şertlerini hem açyp görkezýär. Gadymy döwürlerden galan küýze önümleri, zergärçilik şaýlary, gurluşyk galyndylary we ýazuw nyşanlary döwrüň jemgyýetçilik durmuşyny öwrenmekde möhüm çeşme bolup hyzmat edýär.


Soňky ýyllarda ýurdumyzda taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak we ylmy taýdan öwrenmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Halkara arheologik ekspedisiýalaryň geçirilmegi, muzeý işiniň kämilleşdirilmegi hem-de ýaş alymlaryň taýýarlanylmagy bu ugurdaky işleriň netijeliligini ýokarlandyrýar. Şeýle mümkinçilikler ýaşlaryň taryh ylmyna bolan gyzyklanmasyny artdyrýar.


Arheologiýa — diňe geçmişi öwrenmek däl, eýsem geljege bolan jogapkärçilikdir. Çünki taryhy mirasy goramak halkyň milli özboluşlylygyny, medeni gymmatlyklaryny we ruhy baýlygyny saklamagyň möhüm şertidir. Şonuň üçin hem arheologiýa ylmy häzirki döwürde jemgyýetiň ruhy ösüşinde möhüm orun eýeleýär.

Öwezmuhammedowa Gülaýym,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Kitaphanaçylyk
fakultetiniň Arheologiýa ugrunyň 2-nji ýyl talyby.