logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Science and Education /Dostlugyň we hyzmatdaşlygyň köprüsi
  13.05.2026
178
Dostlugyň we hyzmatdaşlygyň köprüsi

Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýylsaýyn artmagy ýurdumyzda geçirilýän halkara forumlaryň, bäsleşikleriň we olimpiadalaryň sanynyň köpelmeginde hem aýdyň görünýär. “Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti” atly III halkara bäsleşik dürli ýurtlaryň ýaşlaryny birleşdiren dostluk köprüsine öwrüldi.

 

Bu bäsleşik diňe bir bilim synagy bolman, eýsem, medeniýetleriň duşuşygy hökmünde hem uly ähmiýete eýe boldy. Gatnaşyjylar Türkmenistanyň baý taryhy, milli däp-dessurlary we myhmansöýerligi bilen içgin tanyşdylar.

 

Bäsleşigiň medeni maksatnamasynyň çäklerinde myhmanlar paýtagtymyzyň Döwlet muzeýine baryp gördüler. Olar türkmen halkynyň milli mirasy, taryhy gymmatlyklary we häzirki döwürde gazanylýan üstünlikler bilen tanyşdylar.

 

Şeýle çäreler dürli ýurtlaryň ýaşlarynyň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrýar. Dostlukly gatnaşyklaryň ýola goýulmagy bolsa geljekde ylym-bilim, medeniýet we diplomatiýa ugurlarynda hyzmatdaşlygyň giňelmegine ýardam edýär.

 

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty döwletleriň arasynda ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Şonuň üçin ýurdumyzda geçirilýän halkara olimpiadalar diňe bir ýaşlaryň bilim derejesini ýokarlandyrman, eýsem, dünýäde parahatçylygy berkitmäge hem öz goşandyny goşýar.

 

Halkara bäsleşige gatnaşan ýaşlaryň hoşallyk sözleri Türkmenistanyň şeýle çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

 

Parahatçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan halkara olimpiadalar ýaşlary birleşdirýär, olaryň dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrýar we ýurdumyzyň dünýäniň dost-doganlyk merkezleriniň birine öwrülendigini tassyklaýar.

 

Orazgeldi GURBANSÄHEDOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.