logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Sport /Bedew-halkymyzyň uçar ganaty
  23.04.2021
880
Bedew-halkymyzyň uçar ganaty

          “Bedew-halkymyzyň uçar ganaty” ady bilen Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde dabara geçirildi. Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabarany etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary hem-de etrap medeniýet bölümi bilelikde gurady.

     Dabara gatnaşyjylar medeni ojagyň eýwanynda guralan baýramçylyk sergisi bilen tanyşdylar. Etrap merkezi kitaphanasynyň göçme kitap sergisi, Milli “Ak bugdaý” muzeýiniň gymmatlyklarynyň sergisi, şeýle-de N.Saryýew adyndaky Çagalar sungat mekdebiniň şekillendiriş işleriniň sergisi uly gyzyklanma döretdi. Sergi gözellikde we ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk behişdi bedewlerimiziň beýanyna öwrüldi.

     Dabara aýdym-sazly çykyşlara utgaşdy. Etrabyň medeniýet bölüminiň medeniýet merkeziniň aýdym-saz, tans toparlarynyň şanly sene mynasybetli taýýarlan çykyşlary ýüreklere ylham berip, göwün göteriji täsirleri eçildi. Bedew bady bilen barha öňe barýan ata Watanymyzyň, ýurdumyzyň ösüşleriniň, döwlet Baştutanymyzyň döwletli tutumlarynyň, ahal-teke bedewleriniň waspy sungat çykyşlarynda eriş-argaç bolup geçdi.