Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýaşlar Forumy – geljege barýan ýol! ✦ ✦ 12-nji awgust - Hazar deňziniň güni! ✦ ✦ Hereketleriň maksatnamalaryny milli syýasatlara ornaşdyrmagyň strategiýalary işlenilýär ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksadyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek boýunça ugurdaş çäreler geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Parlament forumy ✦ ✦ Awaza 2025: Hususy pudagyň forumy ✦ ✦ LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň 3-nji maslahaty dünýä metbugatynda ✦ ✦ Awazada medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet dabarasy ✦ ✦ Hazarýaka döwletleriň ekologik gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Baýramyňyz bilen, Türkmen Käbesi!
  06.03.2023
743
Baýramyňyz bilen, Türkmen Käbesi!

Eje! Dünýäni  bezän ýaz-bahardyr,  ýylgyryşy, mähiri bilen kalplary ýyladan güneş, öwütleri bilen ýörejek ýollarymyzy ýagtyldan Aýdyr. 

Bir gezek «Parasatly pikirler» diýen bir kitaby okanymda: «Çagalar ejeleriniň gözelligini, ýaşlygyny ogurlaýarlar» diýen sözlere gabat geldim. Ejemden: «Eje, men seniň ýaşlygyňy, gözelligiňi ogurlaýanmy?!» diýip soramda, ejem myssa ýylgyryp şeýle jogap beripdi: 

« - Ol sözler saňa degişli däl, gyzym. Haçanda ýaşlygyny, juwanlygyny bagyş eden perzendi il derdine ýaramaýan, ene-atasyny garran çagy goldamaýan dereksiz bolup ýetişse, ana şonda, onuň ejesiniň ýaşlygyny, gözelligini ogurladygy bolýandyr. A sen, tersine, meniň ýaşlygymyň bezegi, gözelligimiň öçmejek simwoly, balam. Ýaşlyk, gözellik-bu zatlar adama amanatdyr, geçer gider. Haçan sen ulalaňda alan terbiýäňe mynasyp asylly, akylly, edepli, ilhalar, eli çeper gyz bolsaň özüňe siňdirilen yhlasyň höziri bilen ejeňi ýaşardarsyň, gözelleşdirersiň.» 

Ýyllar geçip ejemiň sözleri bu gün ýene gulagymda ýaňlandy.

Arkadagly Serdarymyzyň enesi, Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň keşbi ejemiň sözleriniň çyndanam dogrudygyny tassyklaýar. Watanyň döwletli Ogullaryny ýetişdiren Ene nowjuwan hem owadan. Il-gün bu gün Külli Türkmen Käbesiniň ýetişdiren perzentlerine alkyş aýdýar. Şolaryň saýasynda Türkmenistan Watanymyzyň abraý-mertebesi belende galýar. Şonuň üçinem tutuş il mert Ogullary dünýä beren merdem Enä baş egýär, onuň mertligine sabyrlylygyna tagzym edýär.

Baharyň ilkinji günlerinde ýaz ýaly ýakymly zenanlaryň baýramy bellenilýär. Bu baýram gözelligiň, nowjuwanlygyň, mähribanlygyň baýramy. Baýramyňyz gutly bolsun, külli Türkmen Käbesi Ogulabat ejemiz! Baýramyňyz bilen eziz eneler gyz gelinler! 

 

Aýbibi AÝMAKOWA,

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň ýaşaýjysy,
«Zehinli nesil» bilim merkeziniň diňleýjisi.