Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Amarant ösümligi we onuň peýdasy ✦ ✦ “Bitaraplyk – parahatçylyk mukamy” atly dabaraly konsert geçirildi ✦ ✦ Ýokary tizlikli internet infrastrukturasynyň ösdürilmegi we telekommunikasiýa ulgamynyň netijeliligi ✦ ✦ Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 11–13 dekabr günleri dynç günleri diýip yglan edildi ✦ ✦ Ýaponiýa-Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ýokary derejeli sammitiň geçirilmegi meýilleşdirilýär ✦ ✦ Baky Bitaraplygyň 30 ýyllyk şanly toýy ✦ ✦ Hazar deňziniň suw biologik serişdeleri üns merkezinde ✦ ✦ Hytaýyň ýokary okuw jaýlaryna resminamalar kabul edilýär ✦ ✦ Wengriýanyň ýokary okuw jaýlaryna resminamalar kabul edilýär ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Baýramçylyk dabarasy geçirildi
  13.12.2020
553
Baýramçylyk dabarasy geçirildi

      Änew şäherindäki Medeniýet öýünde “Garaşsyz biz, Bitarap biz, bagt daňymyz atandyr, Arkadagyň gudratyndan bagta ýeten Watandyr!” ady geçirilen maslahat şanly senä bagyşlanan çäreleriň biri boldy. Maslahaty welaýat häkimligi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ahal welaýaty boýunça wekilhanasy, welaýatyň jemgyýetçilik guramalary hem-de welaýat kitaphanasy bilelikde gurady. Oňa edara-kärhanalaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşlar gatnaşdy.

       Maslahatda çykyş edenler  “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynda Halkara Bitaraplyk gününiň ýurdumyzda giňden bellenilmeginiň ähmiýeti barada durup geçdiler. Bellenilişi ýaly, üstümizdäki şanly ýylda ata Watanymyzyň baky Bitaraplygyna 25 ýyl bolýar. Çärýek asyr mundan ozal, has anygy, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 agza döwletiň ählisiniň ses bermeginde we goldamagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ykrar edildi. Deňi-taýy bolmadyk halkara hukuk ýagdaýy Watanymyzy dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen giň we doly möçberli dostlukly gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna hem-de pugtalandyrylmagyna, parahatçylygyň berkarar bolmagyna ýardam berýän döwlet hökmünde giňden tanatdy. Şoňa görä-de, ynsanperwerligiň we parahatçylygyň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, berkarar döwletimiziň hem-de bagtyýar halkymyzyň Ýer ýüzündäki şan-şöhratyny, mertebesini beýgeldýän gymmatlygymyz bolan baky Bitaraplygymyza ulus-ilimiz buýsanýar we bu hukuk ýagdaýynyň şanyna uly toý toýlaýar.

Şanly senä bagyşlanan maslahat sungat çykyşlaryna utgaşdy. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, halk döredijilik toparlarynyň belent ruha beslenen joşgunly aýdym-sazlary, tans-folklor çykyşlary baýramçylyk sahnasyny bezemek bilen, ol ýere ýygnananlaryň göwnüni galkyndyrdy. Arkadagly döwrümiziň buýsançly waspy sungat çykyşlarynyň özeni boldy.

Medeni ojagyň giň eýwanynda welaýat kitaphanasy tarapyndan guralan göçme kitap sergisi baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly toýy mynasybetli geçirilen maslahata baý öwüşgin çaýdy. Hormatly Prezidentimiziň gymmatly kitaplarynyň sergisi ildeşlerimizde uly gyzyklanma döretdi.