logo

Latest news:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Home / Society /Baýramçylyk çäresi
  14.05.2021
686
Baýramçylyk çäresi

      Syýasy jemgyýetimiziň möhüm çäresi bolan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň saýlawlary uly üstünliklere beslenip geçip, häzirki döwürde özüniň oňyn netijelerini berýär. Ýurdymyzyň ähli künjeklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň maslahaty dogrusynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri giň gerime eýe bolýar. Bu bolsa elbetde bagtyýar raýatlarymyzyň syýasy düşünjeleriniň kämilleşmegine, jemgyýetçilik düşünjeleriniň has-da artmagyna özüniň uly täsirini ýetirýär. Ynha şeýle asylly başlangyçlardan ugur alyp 12.05.2021-nji ýyl güni Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba medeniýet  öýünde Türkmenistanyň Milli Geňeşi bilen Ak bugdaý etrap häkimligi we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, paýtagt şäherimiz Aşgabadyň  esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň birinji bilelikdäki maslahatynda Hormatly Prezidentimiziň eden taryhy çykyşyndan gelip çykýän wezipelerini halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu geçirilen taryhy maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, durmuş-ykdysady pudaklaryň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän bagtyýar raýatlarymyz gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýeti dogrusynda giňişleýin çykyş etdiler. Maslahatyň ahyrynda Ak bugdaý etrabynyň Medeniýet we sungat ussatlary çykyş edip, maslahata gatnaşyjylara ruhy-lezzet paýlady.