Berkarar Watanda Arkadagly Serdarymyzyň pähim-paýhasy bilen gülleýän ýurdumyz oňyn özgerişe eýe bolýar. Dünýä döwletleriniň arasynda uly abraýdan peýdalanýan döwletimiz özüniň ýangyja we elektrik energiýasyna bolan isleglerini öz hususy baýlyklary bilen doly kanagatlandyrýar, şeýle hem onuň ep-esli bölegini daşary ýurtlara çykarýar. Türkmenistan milli we umumadamzat bähbitlerine özüniň ägirt uly energetika mümkinçiligini netijeli peýdalanmak bilen, bu ugurda anyk wezipeleri ýerine ýetirýär. Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hem ony dünýä bazaryna ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybarat bolup durýar. Içerki we daşary ýurt maýa goýum işjeňligini artdyrmak, ýurduň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny berkitmek hem-de durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün etmek babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Döwletimiziň öňe sürýän amatly maýa goýum gurşawyny döretmek babatdaky başlangyçlaryna halkara derejesinde ýokary baha berilýär. Soňky döwürde söwda we maliýe ugurlary boýunça forumlary, sergileri, ýarmarkalary, şol sanda, wirtual sergileri geçirmek bilen, ýurdumyzyň senagat we intellektual kuwwaty dünýä ýaýylýar. Bu ugurda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek, daşary ýurtlarda guralýan sergilere we ýarmarkalara milli önümler, hyzmatlar, senagat nusgalar bilen gatnaşmagy işjeňleşdirmek ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar.
Dokma kärhanalarynda dürli görnüşli matalar, taýýar egin-eşikler, el halylary öndürilip, dünýä bazaryna ýokary hilli harytlar çykarylýar. Bu gün bäsdeşlige ukyply smart telewizorlary, noutbuklary, planşetleri, monobloklary, sensor ekranly kompýuterleri hem dünýä bazaryna eksport edilýär. Ýurdumyzyň energetika we energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, hususan-da, wodorod energiýasy boýunça wajyp meseleleriň çözülmegi, azyk howpsuzlygy we beýleki ugurlar babatda halkara hyzmatdaşlyk has hem giňeldilýär. Türkmenistan sebit hem-de halkara ulag we maglumat-kommunikasiýa ulgamlaryna işjeň goşulmak ugrundaky işlerini dowam etmek bilen, özüniň halkara ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini artdyrýar. Daşary ykdysady ulgamda alnyp barylýan tagallalar ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryndaky ornunyň pugtalandyrylmagyna, täze bazarlaryň özleşdirilmegine hem-de eksport mümkinçilikleriniň we daşary ýurt maýa goýumlarynyň artdyrylmagyna, türkmen harytlarynyň we hyzmatlarynyň dünýä bazaryna çykarylmagyna, halkara we sebit ykdysady hem-de maliýe guramalarynyň mümkinçilikleriniň doly göwrümde peýdalanylmagyna, şeýle-de dünýäniň ykdysady we maliýe bileleşikleriniň öňünde ýurdumyzyň oňyn abraýynyň kemala getirilmegine gönükdirilendir. Bular bilen birlikde, Türkmenistan ýurdumyzda ylmyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan berilýän goldaw yzygiderli artýar. Ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Olaryň işine iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, ägirt uly ylmy mümkinçilikleri bolan giň dünýägaraýyşly we täzeçil tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, kämil hünärli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde ähli zerur çäreler ýola goýulýar.
Guwanç MOLLAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.