Türkmenistanyň Hökümet mejlisinde gurluşyk we senagat pudaklaryna aýratyn üns berildi. Ýurtda gurluşyk, energetika, we senagat önümçiligi boýunça gazanylan üstünlikleri tanyşdyrjak halkara sergi we maslahat geçiriler diýlip mälim edildi. Bu çäre daşary ýurt kompaniýalary bilen täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmakda we özara tejribe alyşmakda uly ähmiýete eýe bolar.
Şeýle hem Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda kuwwaty 10 megawatt bolan köpugurly Gün we ýel energiýasy bilen işleýän elektrik stansiýasynyň, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda bolsa “Bäherden” keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabaralaryna taýýarlyk görülýändigi habar berildi. Bu taslamalar ýurduň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýasy we energetiki howpsuzlygy üçin uly ähmiýete eýedir. Prezident Serdar Berdimuhamedow geçiriljek çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmegi we olary üstünlikli geçirmegi tabşyrdy.
Çeşme: Türkmenistan:Altyn asyr
Işanberdi ATAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet Energetika
Institutyň talyby.