Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Bal iýseňiz...
  08.09.2024
318
Bal iýseňiz...

Näme üçin bal her öýde bolmaly?

 

Bal witaminleriň we minerallaryň baý çeşmesidir. Ol B witaminine, С witaminine, kalsiý, demir, magniý, fosfor, kaliý, natriý we sinke baýdyr. Mundan başga-da, balda biologiki taýdan işjeň ösümlik birleşmeleri we antioksidantlar bar. Balyň garaňky görnüşleri bu birleşmeleriň köpüsini öz içine alýar.

 

Özboluşly düzümi tebigy gelip çykyşy sebäpli bal adama energiýa berýär, immunitetini güýçlendirýär we bedenden toksinleri çykarmaga kömek edýär. Hünärmenleriň pikirine görä, ýokary hilli balda ýürek agyry, insult we düwnük keseliniň töwekgelçiligini azaltmaga kömek edýän köp mukdarda antioksidantlar bar. Şeýle hem görüş ukubyny saklamaga kömek edýärler. Az mukdarda bal iýmegiň umumy holesteriniň derejesini peseltmäge, aşgazan yaralarynda agyryny azaltmaga kömek edýändigi kesgitlenildi.

 

Bal näçe wagtlap saklanyp bilner?

 

Tebigy ýokary hilli bal iki ýyla çenli peýdaly häsiýetlerini ýitirmän saklanyp bilner. Bu ýagdaýda önüm howanyň temperaturasy 20С-den ýokary bolmadyk göni gün şöhlesinden goralýan otagda saklanmalydyr.

 

Merjen MEREDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby.