Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Bäherden sement zawdynyň täze tapgyry açyldy
  10.05.2024
167
Bäherden sement zawdynyň täze tapgyry açyldy

8-nji maýda Ahal welaýatyndaky ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyry açyldy.

 

2005-nji ýylda ulanmaga berlen Bäherden sement zawody Merkezi Aziýa sebitinde uly kärhanalaryň biri bolup, bu desga Köpetdagyň belent gerişleriniň eteginde uly senagat düzümlerini we önümçilik desgalary özünde jemleýän toplumdyr.

 

Sementiň ýokary hilli görnüşiniň ýylda million tonnasyny öndürmäge niýetlenen senagat toplumynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, «Beýik bina» hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy. Mundan başgada bu taslamany durmuşa geçirmäge Germaniýanyň önümçilik işini meýilnamalaşdyrmak we sement senagaty üçin taslamalary dolandyrmak boýunça hyzmatlary hödürleýän «KHD Humboldt Wedag» iri inženerçilik kompaniýasy çekildi.

 

Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynda 250 den gowrak işgäriň zähmet çekmegi üçin önümçilik we durmuş şertleri döredilen bolup, bu toplum kärhananyň edara binasyndan we 48 sany desgadan ybaratdyr. Bu ýerde dünýä ülňilerine laýyk gelýän, sulfata (duza) durnukly ýokary hilli sement önümleriniň ýylda 1 million tonnasyny öndürmäge niýetlenendir. Bu desga ýokary hilli sementiň “PS-400”, “PS-500”, “PS-600” görnüşlerini hem-de sulfata durnukly portlandsementi öndürmäge ukyplydyr.