Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýaşlaryň arasynda geçirilen ylmy bäsleşikde 107 ýeňiji sylaglandy ✦ ✦ “Şekillendiriş sungaty” fakultetiniň uçurymlary diplom işleri bilen tanyşdyrydy ✦ ✦ Çeperçilik akademiýasynda diplom goraglary dabaraly geçirildi ✦ ✦ Däp bolan gatnaşyklar pugtalandyrylýar ✦ ✦ Ylym tükenmeýän hazynadyr ✦ ✦ Şekillendiriş we amaly-haşam sungaty bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlandy ✦ ✦ Beýik akyldaryň medeni mirasynyň hukuk taýdan öwrenilişi ✦ ✦ Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň nobatdaky sany okyjylara ýetirildi ✦
Baş sahypa / Saglyk /Bäherden etrap hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan täze enjamlar gowşuryldy
  09.05.2024
115
Bäherden etrap hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan täze enjamlar gowşuryldy

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyndan Ahal welaýatynyň Bäherden etrap hassahanasyna täze döwrebap lukmançylyk enjamlary sowgat berildi.

 

Bu waka mynasybetli Bäherden etrap hassahanasynda dabara geçirilip, Oňa agzalan gaznanyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, welaýat, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, saglygy goraýyş işgärleri hem-de beýleki myhmanlar gatnaşdy.

 

Gaznanyň hasabyndan etrap hassahanasynyň baş lukmanyna Germaniýanyň B.Braun kompaniýasynyň gemodializ enjamlarynyň ikisiniň şahadatnamasy gowşuryldy.

 

Bu döwrebap enjamy häzirki döwrüň ähli talaplaryna doly laýyk gelýär, ol esasan uly ýaşly adamlar hem-de çagalar üçin niýetlenendir.