Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Birleşen Milletler Guramasynda adam hukuklary ✦ ✦ Türkmenistanyň durmuş-zähmet gatnaşyklary çygrynda halkara hyzmatdaşlygy ✦ ✦ Magtymguly — dünýä şahyry ✦ ✦ Beýik siwilizasiýalaryň baglanşygy ✦ ✦ Türkmen futbolçylaryndan 3 baýrakly orun «AFL Kids Cup-2024» halkara ýaryşy ✦ ✦ Azerbaýjanyň «Zangilan» tankeri ilkinji ýüküni Türkmenistana getirdi ✦ ✦ “Türkmengaz” we “ADNOC” gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy gözden geçirdiler ✦ ✦ Parižde Olimpiýa oýunlary badalga alar ✦ ✦ Ýaşlar baradaky alada döwletimiziň ileri tutulýan wezipesidir ✦ ✦ Dalaşgärler üçin orta hünär okuw mekdepleriň sanawy - 2024 ✦
Baş sahypa / Saglyk /Bäherden etrabynyň hassahanasyna täze medisina enjamlary sowgat berildi
  15.05.2024
299
Bäherden etrabynyň hassahanasyna täze medisina enjamlary sowgat berildi

Ýakynda Bä­her­den et­ra­by­nyň has­sa­ha­na­sy­na Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na sa­tyn al­nan enjamlar sowgat berildi. Olar Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň “B.Braun” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň iki sa­ny “Dia­log+” ky­sym­ly ge­mo­dia­liz en­jamlarydyr.

Bu enjamlaryň her biri adamyň ga­nyny ekst­ra­kor­po­ral usul­da aras­sa­la­mak üçin ni­ýet­le­nilip,  do­wam­ly böw­rek ýet­mez­çi­li­gi ke­se­lin­den ejir çek­ýän nä­sag­la­ry önjeýli be­jer­mä­ge, şeýle hem olaryň öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny art­dyr­ma­ga niýetlenendir.

Ýurdumyzda hereket edýän «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy bilen birlikde, Türk­me­nis­tan BMG-niň hem-de onuň iri dü­züm­le­ri­niň — Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­ (BSGG), Ça­ga­lar gaz­na­sy­ (ÝU­NI­SEF) ýaly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Şonuň ýaly-da, medisina ulgamynyň kämilleşmeginde Türk­me­nis­tan­da enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça 2021 — 2025-nji ýyl­lar üçin ni­ýet­le­nen «Sag­dyn ene — sag­dyn ça­ga — sag­dyn gel­jek» at­ly Mil­li stra­te­gi­ýa esasy gol­lan­ma bo­lup durýar.

Belläp geçsek, 2021-nji ýy­lyň mart aýyn­da dö­re­di­len Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy ýaş nesi­lleriň sag­ly­gy­ny go­ra­mak ug­run­da bimöçber iş­leri al­yp ba­r­ýar. Bu gazna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredildi. Gaz­na­nyň bank ha­sap­la­ry­na ra­ýat­lar­dan hem-de eda­ra gör­nüş­li ta­rap­lar­dan yzy­gi­der­li ge­lip go­wuş­ýan pul se­riş­de­le­ri esasynda ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra tö­leg­li luk­man­çy­lyk, bi­lim hyz­mat­la­ry­ny ber­mä­ge we beý­le­ki de­giş­li ze­rur­lyk­la­ry ka­na­gat­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ril­ýär.

Şol sanda, 2021-nji ýy­lda we­la­ýat­la­ry­myzyň et­rap we şä­her has­sa­ha­na­la­ry­nyň ça­ga­lar bö­lüm­le­ri­ne ze­rur en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len tä­ze “Tiz kö­mek” aw­tou­lag­la­ry, Ma­ry we­la­ýat ça­ga­lar has­sa­ha­na­sy­na “Savina” ky­sym­ly eme­li dem be­riş en­ja­my sow­gat be­ril­di. 2024-nji ýylyň ap­re­l aýynda Ma­ry we­la­ýat Enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­ýyş mer­ke­zi­ne iki sa­ny “Dia­log+” ky­sym­ly eme­li böw­rek en­ja­my hem gow­şu­ryl­dy.

Şunuň bilen birlikde, gazna yn­san­per­wer­lik kö­me­gi­niň di­ňe bir Türk­me­nis­ta­nyň ça­ga­la­ry­na däl, eý­sem, birnäçe dost­luk­ly ýurtlaryň çyl­şy­rym­ly dur­muş şertlerinde ga­lan ça­ga­la­ry­na-da be­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­mek zerur

Ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra paý­tag­ty­my­zyň we we­la­ýat­la­ryň luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ryn­da dür­li ope­ra­si­ýa­la­ry ge­çir­mek üçin se­riş­de­le­riň bö­lü­nip be­ril­me­gini, be­jer­gi çyk­da­jy­la­ry­nyň tö­le­nil­me­gini, ça­ga­lar öý­le­rin­de, ýö­ri­te­leş­di­ri­len mek­dep­ler­de we mek­dep-in­ter­nat­lar­da ter­bi­ýe­len­ýän, bi­lim al­ýan ýaş nesiller üçin de­giş­li luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry­nyň sa­tyn alyn­ma­gyny üpjün edýär.
 

Kadyrmyrat ÖWEZGYLYJOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.

.