Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly Pyragy: dünýä edebiýatynyň akyldary ✦ ✦ Statistika ulgamyndaky täze sepgitler ✦ ✦ Babadaýhan etrabynda ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi ✦ ✦ “Iň eýjejik gyzjagaz – 2025” atly bäsleşik yglan edildi! ✦ ✦ Sanly ulgam we ýaşlar ✦ ✦ “Talyp Gözeli – 2025” atly gözellik bäsleşigi yglan edildi! ✦ ✦ Döwlet gümrük gullugynda Gözegçilik-seljeriş merkezi işe girizildi ✦ ✦ Süýjüli diabet keseliniň patogenezi ✦ ✦ Paýtagtymyzyň asma ýolunda abatlaýyş İşleri geçiriler ✦ ✦ "Hakyda göwheri" - Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin bilen nurlanýar ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Aşgabatda halkara 'Kids Ekspo: Ähli zat çagalar üçin' sergi-ýarmarkasy geçirildi
  22.08.2024
387
Aşgabatda halkara 'Kids Ekspo: Ähli zat çagalar üçin' sergi-ýarmarkasy geçirildi

Ýurduň altyn hazynasy hasaplanýan ýaş neslimiziň ösüşine bolan atalyk aladalarynyň dowamy hökmünde Aşgabatda «Kids Ekspo: Ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy geçirildi.

Bu ýokary derejede gurnalan çärä Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet Gurjak teatry, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi, “Mahabat müdirligi”, ÝUNISEF ýaly halkara guramalary, sport federasiýalary, bilim merkezleri we türkmen telekeçileri gatnaşdy. Çäräniň çäginde çagalar we olaryň ene-atalary bilen janly we interaktiw ýagdaýda gatnaşmak üçin ajaýyp şertler döredildi.

«Garagum» myhmanhanasynyň sergi pawilýonynda awgust aýynyň 19-22-si aralygynda geçirilen bu sergi, dürli bilim we dynç alyş çäreleri bilen tanyşmak üçin uly mümkinçilik döretdi.

«Gujurly bilim merkezi» hem okuw merkezinde okaýan diňleýjileriniň ylym-bilim we sport bäsleşiklerinde gazanan üstünliklerini, medallarydyr kuboklaryny hem-de çagalar üçin dürli çeper eser kitaplaryny sergiledi. Sergi zalynyň aýdym-saz meýdançasynda «Gujurly bilim merkeziniň» diňleýjilerinden düzülen sungat toparynyň taýýarlan aýdym-sazly, çeperçilik hem-de sirk sungaty, žonglýorlyk ukyplary bolan ýaşajyk oglan-gyzlarynyň çykyşlary sergä gatnaşanlara we myhmanlara şatlyk goşdy.