logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Sports /Bäherden etrabyndaky 4-nji orta mekdebinde woleýbol ýaryşy geçirildi
  22.09.2022
1060
Bäherden etrabyndaky 4-nji orta mekdebinde woleýbol ýaryşy geçirildi

Bäherden etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň sport zalynda woleýbol ýaryşy geçirildi. Sport ýaryşy etrap bilim bölümi hem-de ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi tarapyndan guraldy. Ýaryşa etrapdaky orta mekdepleriň mugallymlary gatnaşdylar.


Şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýuna bagyşlanan ýaryşda bilim işgärleri sport ussatlygyny görkezdi. Ýaryş çekeleşikli we gyzgalaňly ýagdaýda geçdi. Woleýbol ýaryşynyň netijesinde etrapdaky 4-nji orta mekdebiň topary birinji, 2-nji orta mekdebiň topary ikinji, 28-nji orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp boldy. Onuň ýeňijilerine ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň sowgatlary gowşuryldy.