logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Sports /Bäherden etrabynda tennis hem-de ýeňil atletika ýaryşy geçirildi
  09.06.2022
1474
Bäherden etrabynda tennis hem-de ýeňil atletika ýaryşy geçirildi

Ýakynda, Bäherden etrabynyň sport mekdebinde stoluň üstünde oýnalýan tennis hem-de ýeňil atletika ýaryşy geçirildi. Ýaryş Bäherden etrap Sport we ýaşlar syýasaty bölümi hem-de Türkmenistanyň  Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň bilelikde guramagynda geçirildi. Oňa sport mekdebiniň türgenleri gatnaşdy.

Gyzykly geçen ýaryşyň netijesinde stoluň üstünde oýnalýan tennis ýaryşynda Muhammetgeldi Kuwwatberdiýew, Kuwwat Gurbanberdiýew, Aýnazar Garamämmedow dagy degişlilikde baýrakly birinji, ikinji, üçünji orunlary eýelediler. Ýeňil atletika ýaryşynda Tirkeşmuhammet Garamämmedow birinji, Selim Agamyradow ikinji, Zelilguly Bäşimow üçünji orna mynasyp boldular.  Ýaryşyň ýeňijileri etrabyň Sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň hormat hatlary we Türkmenistanyň  Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň sowgatlary bilen sylaglandylar.