Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanda CIET-2025 forumy geçiriler ✦ ✦ Ženewada bitaraplyk meselelerine bagyşlanan halkara forum geçirildi ✦ ✦ BMG-niň Baş Assambleýasy «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamany kabul etdi ✦ ✦ «Mahmyt Kaşgarlynyň Diwany lugat at-türk atly eserinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň orny» atly halkara ylmy maslahat geçirildi ✦ ✦ Daşkent şäherinde “Aşyk bolmuşam” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ Daşkentde “Magtymguly – dünýäniň akyldary we onuň pelsepesiniň häzirki döwürdäki ähmiýeti” atly maslahat geçirildi ✦ ✦ Himiýa boýunça halkara bäsleşikde türkmen talyplarynyň üstünligi ✦ ✦ Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I. Blinnikow adyndaky altyn medaly gowşuryldy ✦ ✦ Daşary ýurt dillerini öwretmekde innowasion tehnologiýalaryň orny ✦ ✦ Türkmenabatda täze himiýa toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Bagtyýar durmuşyň binýady
  30.03.2023
936
Bagtyýar durmuşyň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň pähim-parasadyndan gözbaş alýan taryhy özgertmeler, oňyn başlangyçlar üstünlikli amala aşyrylýar. Rowaçlyklar bilen şöhratlanýan «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda bagtyýar raýatlarymyz, ýurdumyzyň ýagty ertiri bolan bagtly nesillerimiz uzak geljegi nazarlaýan möhüm maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň ähmiýetine aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty ýaşlaryň jemgyýetde özlerini ykrar etdirmekleri ugrunda möhüm döwlet kepillikleriniň döredilmegine gönükdirilýär. Häzirki wagtda ýaş nesle bildirilýän ynamyň uludygy şanly ýylymyzyň şygarynda hem öz beýanyny tapýar, munuň özi ata Watanymyzyň berkararlygynyň, ýurt asudalygynyň, il-günümiziň abadançylygynyň ýaşlarymyza baglydygyny alamatlandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kuwwatly döwletimizde ýaşlarymyzyň işjeň gatnaşmaklarynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ösüşlere eýe bolunýar. Ýurdumyzda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni giňden wagyz etmekdäki, oňa giň gerim bermekdäki tagallalarynyň binýadynda ýaşlaryň hem bolmagy guwandyryjydyr. Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmakda Gahryman Arkadagymyz hem Arkadagly Serdarymyz ýaş nesillere nusgalyk göreldedir. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bina edilýän ymaratlaryň hatarynda iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen köpugurly sport toplumlarynyň, stadionlaryň, döwrebap sport merkezleriniň bolmagy ýaşlaryň sporta bolan höwesini has-da artdyrýar. Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi, döwrüň döwrebap şäheri – Arkadag şäheriniň ýokary depginli gurluşygynda hem ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy, olaryň täzeçe pikirleri we çözgütleri aýratyn bellärliklidir. Sebitde ilkinji akylly şäher, ak bagtyň şäheri bolan Arkadag şäherinde hem ýaş nesliň beden we ruhy taýdan kämilleşmegi üçin ähli şertler döredilendir. Ekologiýa taýdan arassa serişdeleriň hasabyna dürli ýaşaýyş-durmuş we medeni, önümçilik maksatly binalar bu sebitiň görküne görk goşýar. Şeýle-de ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmek, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak arkaly ylym-bilimi ösdürmek  ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Türkmen ylmyny ösdürmäge gönükdirilen beýik özgertmeler bagtyýar ýaşlaryň ylym-bilim we hünär taýýarlygynyň ýokary bolmagyny, eziz Watanymyzyň halkara jemgyýetçiliginiň kuwwatly ýurtlarynyň birine öwrülmegini şertlendirýär. Ajaýyp zamanada merdana halkymyz, bagtyýar nesillerimiz eziz ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bina edilýän täze şäherlerdir şäherçelerde bagtyýar durmuşyň, abadan ýaşaýşyň hözirini görüp ýaşaýar, döredýär hem gurýar. Mähriban halkymyz, ýaşlarymyz üçin döredilýän şeýle giň mümkinçilikler bolsa röwşen geljegimiziň binýadynyň berkden tutulmagyna ýol açýar. 

 

Döwletmyrat ANYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.