Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaş nesilleriň geljegi, olaryň döwrebap ylym-bilim almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan günlerinde parahat, asuda, abadan ýurdumyza, eziz Watanymyza, gözel tebigatymyza bolan söýgini çeperçilik işlerinde wasp edýän ýaş nesilleriň ukyp- başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde “Biz — Arkadagly Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri” atly surat çekmek bäsleşigine ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden 14 ýaşa çenli çagalar işjeň gatnaşdylar.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyry Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda geçirilip, oňa ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden saýlanyp alnan 50 sany işiň netijesinde, degişlilikde, hersinden 5 sany tapawutlanan has zehinli çagalar saýlanyp, olar “Meniň Watanymyň gözel ýerleri”, “Milli baýramçylyklarymyz”, “Sport – sagdynlyk, ruhubelentlik”, “Dünýä dursun parahat!” ýaly temalar boýunça eminler tarapyndan kesgitlenen wagtda surat çekip görkezdiler.
Çagalar özleriniň döreden ajaýyp işlerinde çaga dünýäsiniň päkize, arassa duýgylaryny aýdyň açyp görkezmäge çalyşdylar. Her bir çaga Watanymyzyň gözel ýerlerini, şol ýerleriň özlerinde goýan täsirlerini, milli baýramçylyklarymyzy wasp edýän birnäçe pursatlary, sport hem-de sagdynlyk baradaky garaýyşlaryny ýiti öwüşginli reňkler bilen kagyzyň ýüzüne geçirdiler. Bu bäsleşigiň netijeleri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde 2024-nji ýylyň 1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçiriljek çäreleriň çäklerinde jemlenilip, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hersiniň ýeňijilerine we bäsleşige gatnaşan çagalaryň ählisine höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda geçirilýän bu bäsleşik Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyndan ylham alyp, çagalarda watançylyk duýgusyny ösdürmäge, döredijilik bilen meşgullanmaga, surat çekmäge bolan höwesini artdyryp, olaryň çeperçilik döredijiliginiň işjeňligini ýokarlandyrdy we bagtyýar nesilleriň ylham joşgunyny açyp görkezdi.
Gülälek Keroglyýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.