logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Bagtly durmuşuň girewi
  26.08.2020
856
Bagtly durmuşuň girewi

       Ynsanyň fiziki hem-de akyl işjeňliginiň kämilligi we sazlaşykly ösüşi ony sagdyn bedenli, belent ruhly, hemmetaraplaýyn gaýratly, dörediji we tanymal şahsyýete öwürýär. Sagdynlyk we ruhubelentlik ýörelgeleriniň durmuşa ornaşdyrylmagy nesilleriň ýaşlykdan berk bedenli, täzeçe pikirleniş ukyply, maksada okgunly we giň dünýä garaýyşly bolup ýetişmeklerini şertlendirýär. Adamyň sagdyn durmuş kadalaryny gyşarnyksyz berjaý etmegi, oňa ömür menziliniň dowamynda ýaşaýyş keşbiniň nusgalygyny görkezip, jemgyýetiň abadançylygyna, ýurduň gülläp ösüşlerine mynasyp goşant goşmagyna mümkinçilik berýär. Şoňa görä-de, sagdynlyk we ruhubelentlik kadalaryny mazmun taýdan çuňlaşdyran we ol düşünjelere ygrarly bolan halkymyzda saglyk ynsanyň manyly ömrüniň özenine, adamzadyň başynyň täjine deňelýär.