Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Tebigat /Bag — ýaşaýşyň gönezligi
  10.11.2024
179
Bag — ýaşaýşyň gönezligi

Tebigata aýawly çemeleşmekde, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde, ynsan saglygyny goramakda dürli miweli baglaryň we pürli agaçlaryň sanynyň ýylsaýyn köpeldilmegi, tokaýlaryň döredilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Hut şu esasdan, şeýle hem tutuş dünýä jemgyýetçiliginde önümçilik kärhanalarynyň, zawoddyr fabrikleriň sanynyň yzygiderli artmagy zerarly howanyň arassalygyny gazanmak maksady bilen, dürli ekologiki çäreler yzygiderli geçirilýär. Bularyň iň esasylarynyň biri-de köpçülikleýin bag ekişlikdir. Çünki agaçlar şäher biodürlüligini döretmek bilen birlikde, howanyň arassalanmagyna, ýagny atmosferada kömürturşy gazynyň, azot we kükürt oksidleriniň mukdarynyň azalmagyna getirýär. Ýene bir aýratyn bellemeli ýagdaý: käbir agaçlaryň tertipli ýerleşişi howanyň 6-8 derejä çenli salkynlamagyna sebäp bolýar. Bu ýagdaý agaçlaryň yssylygy özüne çekijiligi bilen düşündirilýär.

 

Gür baglyk ýerlerde pyýada ýa-da welosipedli gezim etmek, sport bilen meşgullanmak ynsanyň gan basyşyny kadalaşdyryp, dartgynlylygyny peseldip, onuň fiziki işjeňligini artdyrýar. Adatça, 1 düýp agaç 1 ýylyň dowamynda 120 kilograma çenli kislorod bölüp çykarýar. Hut şonuň üçin hem müňlerçe düýp agaçly tokaý zolaklary biziň tämiz howadan dem almagymyza sebäp bolýar. Şu maksat bilen ynsan saglyga hakynda yzygiderli alada edilýän döwletimizde her ýyl geçirilýän bag ekişlik çärelerine watandaşlarymyz uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Bu ählihalk çäresiniň dowamynda pürli we saýaly agaçlar ilen birlikde, dürli miweli agaçlaryň nahallarynyň ekilmegine we olara ideg edilmegine hem aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa öz gezeginde ýurdumyzda azyk bolçulygyna hem goşant bolýar.

 

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän şeýle ähmiýetli işler daşky gurşawy goramak bilen bagly wajyp meseleleriň çözgüdine goşant goşmaga, adam bilen tebigatyň sazlaşygyny gazanmaga sebäp bolýar.

 

Gözel ÇARYÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň biologiýa mugallymy.