Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Bag — barlyk hem baýlyk
  08.11.2024
125
Bag — barlyk hem baýlyk

Tebigata aýawly çemeleşmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup, bu babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda möhüm ekologik çäreler yzygiderli durmuşa geçirilip, 9-njy noýabrda ählihalk bag ekmek dabarasyna girişilmegi munuň aýdyň beýanydyr.

 

Her ýyl Diýarymyzda saýaly baglaryň, miweli agaçlaryň örän köp sanlysy oturdylýar. Jemgyýetçilik taýdan bähbitli bolan köpçülikleýin bag ekmek ýörelgesi ýaşlarda ekologiýa medeniýetiniň ösmegine, ýurdumyzda ekologiýa taýdan amatly daşky gurşawyň döremegine itergi berýär.

 

Şoňa görä-de, Milli Liderimiz: «Ekologiýa terbiýesine bag-agaç nahallaryny oturtmaklygam degişli. Agaç ekmegiň sogaby, haýry ir döwürlerden bäri meşhur we ol çagalykdan aňymyza guýulýan terbiýeleriň biri. «Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär, // Dünýä kitabynda onuň ady bar» diýen setirler hem muny tassyklaýar. Bir düýp daragtyň biziň durmuşymyza ýetirýän peýdasy hakda gadym döwürlerde nämeler ündelen bolsa, indi şol paýhaslar anyk ylmy deliller bilen öwredilýär. Okuw kitaplarynda öwran-öwran gaýtalanýar» diýip belleýär.

 

Ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýada we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar. Şeýle-de Berkarar Watanymyzda daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da berkitmek we kämilleşdirmek boýunça hem netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ulgamda hereket edýän kanunçylygyň kämilleşdirilmegi, ýurdumyzda ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça halkara maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

 

Bütin dünýäniň ekologiýa abadançylygynyň bähbidine oňyn başlangyçlary öňe sürýän, halkymyzyň asylly ýörelgelerini rowaç eden Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize watansöýer ýürekleriň alkyşlary, ýagşy arzuwlary egsilmezdir.

 

Jahan BORJAKOWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.