Ýakynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň medenýet öýünde, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda “Çalsana bagşy” bäsleşigi geçirildi.
Türkmen halky aýdym-saza diýseň hormat goýýan halk. Ata-babalarymyz muňa degişli birnäçe aýtgylar hem aýdyp geçipdirler: “Ile döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler” ýaly aýtgylar muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň saýasynda häzirki wagtda hem aýdym-saza uly hormat goýulup her ýylda aýdym-sazy söýjileriň arasynda aýdym-sazyň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirilýär.
Bäslişige gatnaşyjylara TMÝG-niň Babadaýhan etrap Geňeşi we TDP-nyň Babadaýhan etrap komiteti tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşyryldy.
Şöhrat Akmämmedow,
TMÝG-niň Babadaýhan etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň
esasy hünärmeni.