Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Azerbaýjanyň «Zangilan» tankeri ilkinji ýüküni Türkmenistana getirdi
  22.07.2024
330
Azerbaýjanyň «Zangilan» tankeri ilkinji ýüküni Türkmenistana getirdi

2-nji iýulda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda ulanylyşa berlen «Zangilan» tankeri ilkinji ýüküni Türkmenistanyň Alaja deňiz portuna getirdi.

 

«Zangilan» tankeri ilkinji ýüzüşe Azerbaýjanyň Sangaçal deňiz portundan başlap, ol ýerden ýüklenen çig nebiti 17-nji iýulda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Hazar şäherçesiniň golaýyndaky Alaja deňiz portuna getirdi. Bu barada «nCa» portalynyň habar berýär.

 

Bu tankeriň uzynlygy 141, ini 16,9 metre deň, tankerde çig nebit we nebit önümlerini daşamak üçin niýetlenen umumy kuwwaty 9212 kub metr bolan alty sany ýük bölümi (tank) bar. Gäminiň ýük göterijilik ukyby 7 müň 800 tonna barabardyr. Bu gämi «Azerbaýjanyň Hazar ýük daşaýyş kompaniýasynyň» (ASCO) sargydy esasynda Baku gämi-gurluşyk zadowynda guruldy.