Häzir wagtda bize tanyş bolan aýna şu güne çenli birnäçe müň ýyllyk uzak ýoly geçdi. Irki döwürlerde gadymy adamlaryň ýaşaýyş jaýlarynda asla aýna ýokdy. Ýagtylyk aýnadan däl-de, gaýalardaky ýa-da gaýaly gowaklardaky dar geçelgelerden geçdi. Ilkibaşda wulkan atylanda dökülen lagmadan tebigy aýna şekilli materiallar emele gelip, ol gara reňkde bolupdyr.
Aýnany kim oýlap tapdy?
Bu materialyň taryhy örän gadymy bolup, arheologiki açyşlaryň nukdaýnazaryndan ol birnäçe gezek üýtgedi we henizem jedelli mesele bolup durýar. Ilkinji gezek Müsürde, Ortaýer deňiz ýurtlarynda, Afrika we Gadymy Mesopotamiýada aýna ýasalandygy baradaky maglumatlar öňe sürülýär. Müsürde ilkinji aýna nusgalary b.e.öň VII asyra degişli piramidanyň plitalaryndaky aýna syrçalardyr. Olaryň ýaşy takmynan 5000 ýyllykdyr. Ilkibaşda müsürlileriň gadymy bulgurlary öndürmek üçin gumuň nireden gazylandygyna we olaryň gök ýa-da ýaşyl reňkdedigine şaýatlyk edýän tapyndylar ýüze çykaryldy. Adamlar reňksiz aýna ýasamagy has soň öwrenipdirler, reňklemek üçin bolsa ilkibaşda marganes ulanylypdyr. Mesopotamiýada arheologlar ýaşy takmynan 4500 ýyllyk bolan aýna silindrli möhür tapdylar. Gadymy Wawilon patyşalygynyň çäginde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde aýna önümleri alymlaryň ýygy-ýygydan tapýan zatlaryndan biridir.
Aýna ilkibaşda örän gymmatly material bolupdyr welin, onuň önümçiligi baradaky maglumatlar gizlin saklanypdyr. Müsürliler açyk otda palçyk gaplarda gum we gazany eredipdirler. Goşundylar süzülende alnan bölekler ýene eredilipdir. Bu tehnologiýa birnäçe asyr ulanylypdyr. Ilkinji aýna önümleri hökmünde möhürler, kiçijik gap-gaçlar, bezeg önümleri bolupdyr. Häzirki tekiz hem reňksiz aýna diňe XIII asyrda Ýewropa döwletlerinde peýda bolupdyr. Şeýle-de bolsa, Pompeýde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde alymlar tekiz aýnanyň nusgalaryny tapdylar. Ilkinji syrçaly penjire Pompeýdäki grek hammamlarynda peýda bolupdyr diýlen taryhy çaklamalar bar. Onuň ululygy bir ýarym metr bolupdyr. Gadymy Rimde aýna önümçiligi gülläp ösüpdir. Ine, penjire indi bilýän görnüşimizde peýda bolýar - metaldan ýasalan çarçuwada. Köplenç bürünçden ýasalýar. Şol bir wagtyň özünde rim begleriniň arasynda zenanlar üçin döredilen ilkinji aýnalary peýda boldy. Aýna Wenesiýada orta asyrlarda has gülläp ösýär. XVI-XVII asyrlarda dünýäniň aýna öndürijisi Wenesiýa hasaplanypdyr.
Häzirki wagtda bolsa aýna gündelik durmuşda we önümçilikde köptaraplaýyn maksatlar üçin ulanylýan esasy önümleriň biridir.
Ýakup MAWYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.