Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦ ✦ Mugallymlar häzirki zaman pedagogikasyny öwrenýär ✦ ✦ “Kids Expo 2024”: Türkmen wekiliýeti halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär ✦ ✦ Täze bilim sebitlerinde hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen talyplarynyň Halkara taslama bäsleşiklerinde üstünligi ✦ ✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy
  21.11.2024
29
Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy

Ine, şeýle ajaýyp goşgy setirlerinden görnüşi ýaly, türkmen aýdym-saz sungatyna ayratyn sarpa goýýar.Ol òz gözbašyny gadymyýetiñ çuñluklaryndan alyp gaýdyar diýsek hem ýalñys bolmasa gerek. Munuñ şeýledigne ençeme taryhy wakalaryñ üsti bilen hem göz ýetirmek bolyar.

 

XVII asyrda Mañgyşlak türkmenleriniñ arasynda Amandöwlet bagşy galmyklaryñ çozuşyny deñze balyk awlamaga giden türkmenleri saz heñi bilen ägä edip, olary duşmanyñ elinden halas edipdir. 1846-njy ýylda rus etnografy A.P.Arhipow Maññyşlak türkmenleriniñ Ýusupkazy obasynda üç günläp myhmançylykda bolup, olaryñ aýdym-sazlaryny uly höwes bilen diñläpdirler. Şol bagşylaryñ arasynda meşhur Garry şahyr, Muhammet bagşynyñ ogly Allaguly bagşy, Kör bagşy dagylar bolupdyrlar. Bu ussat bagşylarymyzyñ döreden ajaýyp eserleri häzirki günde hem òz gadyr-gymmatyny yitirman, biziñ yagny, ýaş bagşylaryñ dilinde ýañlanýar.

 

Haçan-da aýdym-saz sungaty barada söhbet açylanda şahyr Mahmyt Gaýybynyñ:

     Saz bilen söhbedi ýaman diýmäñler,

     Adam, Howa dünýa gelende bardyr.

     Abyl bile Kabyl ene garnynda,

     Olar hem dünýäge gelende bardyr.

 

-diýen goşgy setirleri biygtyýar sere dolýar. Häzirki wagtda halkymyzyñ uzak taryhynyñ akymyndan gözbaş alýan ruhy medeniýetimizde aýdym -sazyñ uly orna degişlidigne professional derejede döredilen mukamlarymyz aýdyñ şaýatlyk edýär.

 

Esasan türkmen halkynyñ häzirki döwüre cenli gadymdan durnuglaşan dutar, gyjak, gopuz ... yaly saz gurallary bolupdyr. Wagtyñ geçmegi bilen klawişli saz gurallary, kirişli saz gurallary toý-tomaşada peýdalanyp gelinýär.Öz ýaşan döwürleriniñ àhli kynçylyklaryna döz gelip, olary saza siñdirmegi başaran ussat bagşy-sazandalarymyzyñ aýdymlary ýüreklerde baky orun aldy. Asuda Asmanymyzyñ astynda, Parahat Zeminimiziñ üstünde ýañlanýan ajaýyp, şirin mukamlarda parahatlyk sazy çalynýar.

 

Medeniyet sungatymyzyñ Hak howandary, medeniýetimizi , sungatymyzy ösdürmekde ägirt uly işleri durmuşa geçiryan Türkmen halkynyñ milli Lideri Gahryman Arkadagymyza,peder yoluny mynasyp dowam etdiryan Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp.sagbolsunlarymyzy aýdýarys! Goý, Gahryman Arkadagymyzyñ Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ janlary sag òmurleri uzak tutyan tutumly işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

 

Rahym AMANJANOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli
konserwatoriýasynyñ IV ýyl talyby.