Türkmen halky saza uly sarpa goýýar. Saz diňe milliligi bolman, eýsem ýürek awusydyr. 72 saz guralynyň her biriniň çykarýan sesi gadym döwrüň özboluşly beýanyny görkezip, ýatlanyp durýar. Gadymy döwürlerde türkmenleriň dilden çykmaýan sözleriň beýany saz boldy. Meselem: gopuz öz inçe we mylaýym sazy bilen gynanjy beýan edýär.
Saz kalbyň owazasy, ruhuňşatlykly galkynmasy. Saz adama çuňňur täsir edýär. "Şükür bagşy" powestinde hem bagşynyň sazy diňe bir onuň dutarynda çykman, eýsem onuň kalbynyň törinden çykýar. Şonuň üçin hem Şükür bagşynyň sazy halkyna çuňňur täsir edýär, ruhuny galkyndyrýar. Şükürin kakýan tarlary halkyň göwün tarlary bilen seslenýär. Hut şonuň üçin hem hanyň gyrnagy bolup, ýören ýedi ýyl öň alyp gaçylyp getirilen ýönekeý türkmen gyzy sazy diňläp otyryp bilmeýär: ol birdenkä el bilen parahat galdyrylan ýaly bolup, oturan ýerinden zowwe galýa-da, hemmäniň gözüniň öňünde sömelip durýar. Onuň gözlerinden ýaş boýurdap dökülýärdi. Saz şeýle bir gudratly adamy özünde habarsyz hala getirmegi başarýar. Hawa, saz adam döräli bäri dowam edip gelýän gudratdyr.
Aýdym-saz äleminiň ussatlarynyň her bir aýdym-sazy uly yhlas bilen döredendikleri mälim hakykatdyr. Meşhur sazanda Mylly Täçmyradowyň şägirtlerine: “Bir sazy döretmek bir daragty ösdürip ýetişdirençe bardyr, hatda ondanam kyndyr, azap ediň” diýen sözleri, Sary bagşy ýaly halypalaryň: “Türkmeniň aýdym-sazy börňüldäp ýatan akabadyr, azabyny çekmeseň, ondan saňa agyzsuwam ýetmez” diýen pentleri ykbalyny sungat älemine baglan adamlar üçin hemişelik durmuş ýörelgesi bolupdyr. Gulgeldi ussa, Amangeldi Gönübek, Şükür bagşy, Kel bagşy, Hally bagşy, Pälwan bagşy, Magtymguly Garly, Oraz Salyr, Pälwan bagşy, Hydyr bagşy, Nobat bagşy, Durdy Myrat, Öre Şyh … ýaly asyrlaryň orta çykaran ussatlarynyň çeken zähmeti netijesinde, türkmen aýdym-sazlary kämillik derejesine eýe bolupdyr.
Häzirki döwrüň gazananlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýola goýýan dünýä nusgalyk işleri, eziz topragymyzyň gülleýşi, adamlaryň bagtyýar durmuşy, dünýä açylýan dost-doganlyk, agzybirlik, parahat ýaşaýyş durmuşymyz ol çeşmäniň üstüni ýetirýär. Netijede, bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen türkmen aýdym-sazlarynyň owazy dünýäniň dört künjünde ýaňlanýar.
Ramazan HEMRAKULYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.