Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /AUSTRIACARD Türkmenistana howpsuzlyk tehnologiýalaryny hödürleýär
  17.11.2024
171
AUSTRIACARD Türkmenistana howpsuzlyk tehnologiýalaryny hödürleýär

"Türkmentel-2024" sergisinde we ylmy maslahatynda AUSTRIACARD awstriýaly kompaniýasynyň işleri uly gyzyklanma döretdi. Kompaniýanyň wekilleri Sergeý Ýeliseýew we Pýer Alan Bauer,  Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini öňe sürdüler.
 

AUSTRIACARD sanly howpsuzlyk ulgamynyň lideri bolup, töleg ulgamlary, döwlet resminamalary, ulag infrastrukturası we elektron hokümet üçin hyzmatlar hödürleýär. Kompaniýa dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda iş alyp barýar we Merkezi we Gündogar Ýewropada öňdebaryjy orunlary eýeleýär. Sergeý Ýeliseýew, "Biz Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini görýäris. Biz ýerli edaralar bilen gepleşiklere başladyk we tehnologiýalarymyza uly isleg bar" – diýdi.
 

Kompaniýa kagyz arhiwlerini sanly görnüşe geçirmek, biometriýa identifikasiýa ulgamlaryny işläp taýýarlamak we elektron sanly goluň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. AUSTRIACARD, Gresiýa we Keniýada hem resminamalaryň sanlylaşdyrylmagynda we bilim ulgamlarynda tejribe toplady.
 

Sergeý Ýeliseýew, "Elektron sanly gol, resminama dolanyşygyny çaltlaşdyrmak bilen bir hatarda, howpsuzlygy üpjün edýär. Bu tehnologiýa, resminamalara galplaşdyrma mümkinçiligini aradan aýyrýar" – diýdi.
 

Kompaniýa, Türkmenistanyň degişli edaralary bilen gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardygyny mälim etdi.
 

Amangeldi AMANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň 3-nji ýyl talyby