Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýürek-damar keselleri bilen kesellän näsaglarda ýüze çykýan ruhy bozulmalar ✦ ✦ Ukynyň adam saglygyna täsiri ✦ ✦ Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi - saglyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrlmagy ✦ ✦ 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edildi ✦ ✦ Ruhy saglyk we onuň adama täsiri ✦ ✦ «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» kitabynyň Ýapon dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Bilim - Berkarar geljegiň binýady ✦ ✦ Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteri - täze eýýamyň saglyk we ykdysady ösüş binýady ✦ ✦ Seýsmik howplar meselesi barada maslahat geçirildi ✦ ✦ Okuw-usuly maslahat: täze usullar bilime ornaşýar ✦
Baş sahypa / Tebigat /Atmosferany goramak ählimiziň borjumyzdyr!
  04.12.2024
86
Atmosferany goramak ählimiziň borjumyzdyr!

Adamyň iýmitlenmegi, dem almagy, suwsyzlyk bilen ýüzbe-ýüz bolmagy we howa şertlerine uýgunlaşmagy ýaly ählitaraplaýyn proseslerde tebigatyň orny örän uludyr. Häzirki döwürde ýüze çykýan tebigy hadysalar we çylşyrymly ýagdaýlar adam bilen tebigatyň özara baglanyşygyny güýçlendirýär. Bioköpdürlülik, gury ýerlerde we suw astynda ýaşaýşy üpjün etmek üçin zerur bolan arassa howany, suwy, iýmit önümlerini we lukmançylyk çeşmelerini hödürläp, adam saglygyna oňaýly täsir eder. Şeýle hem, howanyň üýtgemeginiň netijelerini ýumşatmak we tebigy kesellere garşy durnuklylygy üpjün etmek bu ulgamda möhüm orun eýeleýär. Tebigatyň ähli elementleriniň sazlaşykly hereket etmegi, tutuş ekosistemanyň we dolandyryş ulgamynyň durnuklylygy üçin möhüm ähmiýete eýedir.

 

Türkmenistanyň "2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy" atmosferany goramagy esasy ugurlardan biri hökmünde belleýär. Atmosferanyň howasyny goramak üçin öň kabul edilen kanunlar howanyň hilini goramaga degişli esasy ugurlary we meseleleri kesgitleýär. Kanunlaryň täze redaksiýasy öňki işler bilen baglanyşykly bolup, howa hapalanmasy bilen baglanyşykly çeşmeleriň we görnüşleriň sanawyny, zyňyndylary barlamagyň usullaryny we barlaglaryň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen teklipleri öz içine alýar. Şeýle-de, howanyň hilini barlamagyň, zyňyndylaryň standartlaryny kämilleşdirmek boýunça maslahatlar we usullar işlenip taýýarlanyldy. Bu çäreler daşky gurşawa we adam saglygyna ýaramaz täsirleriň öňüni almak üçin degişli milli kanunlar we guramaçylyk esaslary düzmäge gönükdirilendir.

 

"Atmosfera howasyny goramak hakynda" Kanun kabul edileninden soň, Ýewropa Bileleşiginiň we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň howa hil standartlaryna laýyklykda, howany hapalaýanlar yzygiderli barlanyp başlandy. Türkmenistanyň pudaklary üçin mundan beýläk köp sanly barlaglar geçirildi we halkara ýangyç standartlary bilen zyňyndyların kadalaryny kesgitlemek üçin gerekli işleriň edilendigi görkezildi. Şu ýagdaýda, suw we ýer serişdeleriniň netijeli peýdalanylyşy, biologik köpdürlüligiň we tebigy baýlyklaryň saklanmagy, şeýle-de gök zolaklaryň döredilmegi boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu çäreler Türkmenistanyň halkara borçnamalaryna laýyklykda ekologiýa babatynda alnyp barylýan işleriň üstünlikli ýerine ýetirildiğini görkezýär.

 

Dünýägözel ERGAŞEWA,
Türkmenistanyň Myrat Garryýew adyndaky
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň keselleriň
öňüni alyş fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.