Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dubaýda baý adamlaryň sany artýar ✦ ✦ Bilim edaralarynyň dolandyrylmagynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Gün energiýasyndan peýdalanmagyň mümkinçilikleri ✦ ✦ “Magtymguly Pyragy” medeni seýilgäh toplumynyň çeper çözgüdi ✦ ✦ Magtymguly Pyragynyň medeni-seýligäh toplumy açyldy ✦ ✦ Ak bagtym sen, paýtagtym sen Aşgabat! ✦ ✦ Agro pack sergisi öz işini tamamlady ✦ ✦ Köpasyrlyk arzuwyň aýdyň dabaralanmasy ✦ ✦ Bäherden etrabynyň hassahanasyna täze medisina enjamlary sowgat berildi ✦ ✦ Türkmenistanda biotehnologiýany ösdürmek boýunça maksatnama kabul edildi ✦
Baş sahypa / Sport /Atly sportuň gelip çykyşy
  17.01.2023
743
Atly sportuň gelip çykyşy

Has irki döwürlerden bäri adamzadyň atlary dürli maksatlar üçin peýdalanandygy barada taryhy maglumatlar Gadymy Hytaý, Müsür we Pars döwletlerinde tapyldy. Gadymy Olimpiýa oýunlarynda hem atlar ýörite arabalarda çapmak üçin ulanylypdyr. XVIII asyrda Angliýada aw awlamagyň esasy güýmenjeleriň biri bolmagy bolsa atçylyk sungatynyň ösüşine uly itergi beripdir. Mundan başga-da, çapyksuwarlar awda dürli tebigy päsgelçiliklerden geçmäge mejbur bolupdyrlar, bu bolsa atly sportuň ösüşine getiripdir.

Atly sport 1900-nji ýylda Pariždäki Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna hem girizildi. 1912-nji ýylda geçen Olimpiýa oýunlarynda bolsa atly sportuň konkur görnüşi bu sanawa goşuldy. 1921-nji ýylda Halkara atly sport federasiýasy döredilip, ol öz içine 110 ýurtdan agzany birikdirýär. Bu oýnuň watany Fransiýa hasaplanylýar. XIX asyryň ahyrlarynda bu sport görnüşi Italiýa, Belgiýa, ABŞ, Beýik Britaniýa, Germaniýa ýaýrapdyr.

Konkur sportunda üstünligiň esasy görkezijisi fiziki güýç bolman, tehniki usullar bolup durýar. Çapyksuwaryň we atyň ikisiniň hem ukyplylygy ýeňiji bolmak üçin möhüm bolup durýar we bäsleşikde atyň ýeterlik derejäni gazanyp bilmegi üçin ony taýýarlamak örän köp wagty talap edýär. Ýaryşyň maksady kesgitlenen wagtyň içinde öňdäki böwetlerden geçmeklikdir. Kesgitlenen wagtdan geçen ýagdaýyňda wagt jerimeleri kesgitlenilýär. Päsgelçilikler ýykylan ýa-da düzgünler bozulan ýagdaýynda, mysal üçin, atyň päsgelçilige ýetip durmagy üçin konkur jerimeleri kesgitlenýär. Iň az jerime alan türgen medal hasapda ýokarky setiri eýeleýär. Hiç hili jerime almadyk çapyksuwar bilen at tapgyrlary geçen hasaplanylýar.

Häzirki wagtda atly sport dünýä ýurtlarynyň ençemesinde giň meşhurlyga eýe boldy. Bu boýunça geçirilýän ýaryşlar özüniň çekeleşikli, täsirliligi bilen tapawutlanýar. Fransiýanyň Normandiýa oblastynda atly sport boýunça geçen bütindünýä ýaryşyna dünýäniň 76 sany ýurdundan 1000-e golaý bu sport üçin niýetlenen atlar we 1200 žurnalistler gatnaşypdyr. Normandiýa sebiti sportuň bu görnüşiniň has hem ösen ýeri bolmak bilen, bu ýerde 93 müňe golaý atlary öz içine alýan 400-den gowrak atçylyk merkezleri hereket edýär. 

 

Süleýman ÝEGENNAZAROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.