logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /«Atgulak ösümligi»
  23.09.2021
4103
«Atgulak ösümligi»

Adamzat ilkinji dörän günlerinden başlap, tebigatdaky taýýar önümleri almagy başarypdyrlar. Ösümlik dünýäsi ilkinji «Tebigy dermanhana» bolanlygy üçin biziň ata-babalarymyz olardan melhemlik tapypdyrlar. Gyrymsy agaçlaryň, otlaryň tebigy işläp çykarýan dürli peýdaly maddalaryny ulanyp janlaryna melhem tapypdyrlar. Şol melhemlik ösümlikleriň biri hem atgulak ösümligidir.

Atgulak ösümligi ynsan saglygy üçin örän peýdaly ösümlikleriň biri hasaplanylýar. Atgulak ösümligi adamlaryň durmuşynda çalşyp bolmajak ösümlikleriň biri bolup, onuň boýy 10-45 sm-e çenli bolup, maý-oktýabr aýlary gülleýär we miweleýär. Atgulak dermanlyk ösümligi ýurdumyzyň ähli ýerlerinde diýen ýaly ösüp ýetişýän ösümlikleriň biri hasaplanyp, esasan hem suwly ýaplaryň gyralarynda köp duş gelmek bolýar. Atgulak ösümligi  gadymy döwürlerden bäri biziň ata-babalarymyz halk lukmançylygynda giňden ulanyp gelipdirler. Atgulak ösümligini halk lukmançylygynda adamyň bir ýeri agyrsa, ýara iriňlände, deri çişse we sowuklasa, dem alyş ýollaryndaky sowuklamalarda, böwrek agyry, iç geçme keselleri ýaly birnäçe kesellerde ulanylýar. Atgulak dermanlyk ösümligi ýokarda görkezilenlerden başga hem ynsan saglygyny bejermekde ýene-de birnäçe peýdasynyň bardygy, ýagny: gan arassalaýjy we ony duruzyjy, nerw sistemalaryny rahatlandyrjy, arterial gan damarlarynyň işleýşini kadalaşdyrjy serişde hökmünde hem ulanylýar.

 Atgulak dermanlyk ösümligini halk lukmançylygynda gadymy döwürlerden häzirki döwüre çenli has-da giňden ulanyp ynsan saglygyny bejermekde gerekli ösümlikleriň biri hasaplanylýar.