logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Economics /Ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň bähbidine
  14.06.2023
1121
Ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň bähbidine

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Watanymyz ösüşiň, abadançylygyň täze sepgitlerine tarap ynamly öňe barýar. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň ýaşaýyş durmuşynyň mundan beýläk-de gowulandyrylmagyna, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ähli ulgamlaryň işini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, ilata bu ugurda döwrebap derejede hyzmat etmek boýunça görülýän çäreler, senagat-gurluşyk ulgamyna degişli edara-kärhanalaryň düzümlerini yzygiderli kämilleşdirmek meselelerine uly üns berilýär. Ýurdumyz üçin ähmiýetli özgertmeleri, durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmaklygyň maksady agzybirligi, bitewüligi, durnuklylygy pugtalandyrmaga, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň kuwwatyny artdyrmaga ýardam bermekden ybaratdyr. Şolaryň hatarynda eziz Diýarymyzy ösdürmäge işjeň gatnaşmak, ýurdumyzda we sebitde durnuklylygy, halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de üpjün etmek wezipeleri hem bar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän beýik özgertmelere gönükdirilen maksatnamalary, ýurdumyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmegi hem-de alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleri wagyz etmek, ilata giňden düşündirmek wajypdyr. Ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan ägirt uly özgertmeleri durmuşa geçirmeklige, bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, olaryň dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen täze kanunçylyk namalaryny kabul etmek örän möhüm wezipesidir. Ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üpjün edilýär. Şeýle uly tagallalar agzybirlikde we yhlasly çekilýän zähmet arkaly mähriban Watanymyzyň gülläp ösüşini üpjün etmeklige, şöhratly taryhymyzyň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyljak uly meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegine we bu asylly işleriň geljekki nesiller üçin nusgalyk göreldä öwrüljekdigine esas bolup çykyş edýär. 

 

Selbi ÇOLUKOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň 3-nji ýyl talyby.