Aşgabatda 2024-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda “OGT 2024” atly Halkara maslahaty we sergisi açyldy. Bu çäre “Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly 29-njy maslahatyň çäklerinde geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşyjylara ýüzlenip, maslahatyň ýangyç-energetika pudagyny ösdürmek üçin möhüm mümkinçilik berýändigini, şeýle hem nebiti we gazyň täze tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi.
Maslahatda energetika geçişi, eksport ýollarynyň ösdürilmegi we ekologiýa meseleleri ýaly möhüm tema boýunça giňişleýin mejlisler geçiriler. Çykyş etjekleriň arasynda halkara kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bar. Şeýle hem, “OGT Expo” atly sergi geçirilýär, onda 70-den gowrak kompaniýa gatnaşýar, şolaryň arasynda ADNOC, CNPC, “Eni” we “Petronas” ýaly öňdebaryjylary we türkmen kompaniýalaryny tanatmak meýilleşdirilýär.
“OGT 2024” maslahaty, pudagyň wehimlerini we mümkinçiliklerini, şeýle hem hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we tejribeleri paýlaşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm halkara meýdança bolar.
Bahar ANNAGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
talyby.