logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Culture /Aşgabatda miniatýura sungatynyň, kaligrafiýanyň we altyndan bezeg eserleriniň sergisi açyldy
  06.04.2024
530
Aşgabatda miniatýura sungatynyň, kaligrafiýanyň we altyndan bezeg eserleriniň sergisi açyldy

Penşenbe güni Aşgabat şäherinde ýerleşýän  Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkezinde miniatýura sungatynyň, kaligrafiýanyň we altyndan bezeg eserleriniň ajaýyp sergisi açyldy. Bu barada EYR-niň Türkmenistandaky medeniýet merkezi habar berdi


 

Serginiň açylyş dabarasyna Eýran Yslam Respublikasynyň Turkmenistandaky medeniýet meseleleri boyunça geňeşçisi Nawid Rasuli we Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow badalga berdiler we gutlag sözlerini beýan etdiler. 



"Bu ýylky geçirilýän serginiň aýratynlygy Eýran Yslam Respublikasyndan gelen hünärmenleriň gatnaşmagynda we olaryň ussatlyk sapaklarynyň geçirilmegindedir" diýip, Nawid Rasuli belläp geçdi.


 

Bu Sergä Eýran Yslam Respublikasyndan gelen myhmanlar hem-de altyn çaýmak sungaty boýunça ýa-da kitabyň daşyna bezeg bermek boýunça hünärmen Fatame Pärästände Hiýal, kaligrafiýa (žiwopis) sungaty boýunça hünärmen Hadiýe Seýed Hani, Eýran Yslam Respublikasynyň Turkmenistandaky medeniýet meseleleri boyunça geňeşçisi Nawid Rasuli, ilçihananyň işgärleri, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary, hormatly myhmanlar, Medeniýet merkeziniň pars dili öwrenijileri hem-de Eýranyň Türkmenistanda ýaşaýan raýatlary gatnaşdylar.


 

Şeýle-de myhmanlara ruhy taýdan lezzet bermek üçin guralan sergide Remezan aýy mynasybetli miniaturalar, kaligrafiýalar, Eýrandan gelen hünärmenleriň dürli eserleri sergilendi. Sergi we ussatlyk sapagy 7- nji aprele çenli dowam eder.