logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /Aşgabat — Deli — Aşgabat ugry boýunça yzygiderli gatnawlar gaýtadan ýola goýulýar!
  09.03.2023
1221
Aşgabat — Deli — Aşgabat ugry boýunça yzygiderli gatnawlar gaýtadan ýola goýulýar!

26-njy martdan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Deli — Aşgabat ugry boýunça yzygiderli gatnawlary gaýtadan ýola goýar. Bu ugurdaky petekleri awiakompaniýanyň Russiýadaky baş agentliginiň resmi web sahypasynda satuwa çykaryldy.

Deli şäherine Aşgabatdan hepdede bir gezek, ýekşenbe günleri amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär. Uçar Aşgabatdan 05:15-de uçup, Indira Gandi halkara howa menziline 09:05-de gonar.

Ýeri gelende belläp geçsek, häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Stambula (Türkiýe), Moskwa (RF), Kazana (Tatarstan, RF), Maýn boýundaky Frankfurta (Germaniýa) we Dubaýa (BAE) yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.