Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Saýlaw möwsümi dowam edýär: dalaşgärleri hödürlemek tapgyry işjeň alnyp barylýar ✦ ✦ Tebigy betbagtçylyklara garşy irki duýduryş ulgamlary: sanly modelleşdirme we global howpsuzlyk ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalary bilen tanyş edýäris ✦ ✦ Bilim ulgamynyň ösüşi: mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumy ✦ ✦ Merkezi Aziýada ylmy hyzmatdaşlygyň täze tapgyry: mümkinçilikler we strategik ugurlar ✦ ✦ Aşgabatda uly futbol güni: "Arkadag" bilen "Al-Nassr" şu gün Olimpiýa stadionynda duşuşýar ✦ ✦ Türkmenistanyň ylmy kartografiýasy: giňişligi ölçemekden - ylmy garaýyşa çenli ✦ ✦ EKSPORT — Global bazara ýol ✦ ✦ Garagum çöli: ylmy barlaglar we durnukly ösüş mümkinçilikleri ✦ ✦ Emeli aňyň adamzadyň durmuşyna täsiri: peýdasy we töwekgelçilikleri ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Aşgabadyň ajaýyp desgalary
  27.04.2023
1016
Aşgabadyň ajaýyp desgalary

Baş baýdak flagştogy 133 metr belentlikde bolup, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň öňündäki meýdançada ýerleşýär. Ol 2008-nji ýylda dünýäde iň beýik flagştogy hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilip, umumadamzat täsinligi hökmünde ykrar edildi. 

Oguz han suw çüwdürimler toplumy Aşgabadyň Halkara howa menziliniň golaýynda ýerleşip, onda Oguz handyr onuň alty oglunyň bürünç heýkelleri ornaşdyrylandyr. Bu suw çüwdürimler toplumy Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmek bilen, türkmen myhmansöýerliginiň, agzybirliginiň nyşanyna öwrüldi. 

«Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň binasyndaky ikitaraplaýyn aýna bilen örtülen äpet sekizburçluk binagärlikde şöhlelendirilen iň uly ýyldyz hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan orun aldy. 

«Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň beýikligi 95 metre barabar binasynyň serediş halkasy ynsan elleri bilen döredilen täsinlik hökmünde 2012-nji ýylyň 18-nji maýynda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Şol ýyl «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň hem-de «Bagt köşgüniň» binalary «International Property Awards Europe» bäsleşiginiň «Jemgyýetçilik desgalarynyň binagärligi» ugry boýunça ýokary baýragyna mynasyp boldy. 

Aşgabat Halkara howa menziliniň ýolagçy terminalynyň esasy binasynyň ýokarsynda şekillendirilen 705 inedördül metr bolan haly göli «Iň uly göl» hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan orun aldy. 

 

Orazberdi ÇARYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň mugallymy, institutyň
Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.