Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Arzuwlan zamanyň geldi, Pyragy!
  17.07.2024
195
Arzuwlan zamanyň geldi, Pyragy!

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda biri-birinden zyýada gelýän her bir ýyl türkmen halkynyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. 2024-nji ýyl hem Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly many – maňyzdan püre – pür goşgusyny ähli türkmen halkyna peşgeş bermegi bolsa biz bagtyýar ýaşlaryň göwün guşuny has hem ganatlandyrdy. Beýik şahyryň 300 ýyllygynyň ýokary derejede bellenilip geçilýän bu ajaýyp 2024-nji ýylymyzyň hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy tüýs jüpüne düşdi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Şahyryň eserlerine siňdiren berkarar ýurt gurmak, haýyr-sahawatlylyk, edep-ekram, sylag-hormat, sahylyk, myhmansöýerlik, agzybirlik baradaky filosofik pikirleri, ynsanperwer garaýyşlary, şahyrana öwüt-ündewleri biziň milletimiziň müdimi ýörelge edinen durmuş mekdebidir» diýip, örän jaýdar belläp geçişi ýaly, Gündogaryň beýik akyldary, söz äleminiň ägirdi Magtymguly Pyragynyň her bir şygyry külli adamzat üçin nusgalyk mekdep bolup durýar. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň aşakdaky setirlerini okanyňda ýaşap ýören bagtyýar zamanyň, berkarar döwletiň gymmatyna has hem gowy düşünýärsiň.

                                          Hor bolmasyn puştba – puştum,

                                          Berkarar döwlet islärin.

 

Beýik şahyr bütin ömründe ähli türkmen tire – taýpalarynyň agzybirligini, jebislikde ýaşamagyny arzuw edipdir. Akyldaryň «Çoh garaşdym ajap eýýam gelmedi» diýen setirinden hem görnüşi ýaly, ol öz ýaşaýan döwründe bu arzuwynyň hasyl bolşuny görüp bilmändir. Magtymguly Pyragynyň arzuw eýlän zamanasy bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda wysal boldy.

 

Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik älemi Jemşidiň jamyna deňelýär. Onuň umman ýaly giň döredijiligi halkymyzyň ruhy baýlygy bolup, bütin adamzadyň gymmatly hazynasy hasaplanýar.

 

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz häzirki wagtda dünýä ýüzünde barha pajarlap ösýär. Häzirki döwürde şahyryň sarpasy belentden tutulýar. Magtymgulynyň goşgularynyň gudraty, adama edýän täsiri, şahyryň goşgularynyň her adama öz düşünjesine görä täsir edişi barada täsirli gürrüň berýärler. Magtymgulyşynaslar, şahyryň goşgularynyň muşdanlary Magtymguly Pyragynyň goşgularynda diňe özi barada gürrüň gozgalman eýsem, onuň şygyrlary halkyň kalbyndan düzülip,süzülip öz döwrüniň wakalaryny açaçan sypatlandyryp halkyň ruhy sütünine öwrülendigini belläp geçýärler.

 

Her ýylyň iýun aýynyň üçünji ongünlüginde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ýurdumyzda dabaraly bellenilip geçilýär. Ýurdumyzyň iň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine, ýurdumyzyň birnäçe şäherleriniň dürli köçelerine, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyna, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyna we başga-da birnäçe ýerlere şahyryň belent adynyň dakylmagy ýokarda aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygyry bolsa akyldar şahyryň ruhuny ýene bir mertebe tirsegine galdyrandyr.

 

Aslynda–ha, il–ulusy, Watany üçin ägirt işleri bitiren beýikler hiç mahal hem ýatdan çykmaýarlar. Olar öz bitiren işleri, döreden eserleri bilen halkyň aňynda baky ýaşaýarlar. Magtymguly Pyragynyň ýaşap geçenine üç asyr bolan hem bolsa şahyryň ajaýyp şygyrlary häzir hem ähmiýetini ýitirmän gelýärler. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasy bolan ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna girizilmegi beýik akyldara halkara derejesinde goýulýan ägirt uly sylagdan nyşandyr.

 

Şeýle-de, 2024-nji ýylyň 17-nji maýynda Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli açylan Köpetdagyň gerşindäki uzynlygy 60 metre deň bolan ajaýyp heýkeli hem görenleri haýrana goýýar.

 

Nusgawy şahyrlarymyzyň sarpasyny belent tutup, olara hormat goýýan, biz ýaşlara okamaga, işlemäge, döretmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza minnetdarlygymyz çäksizdir.

 

Merjen ORAZDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.