Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Arylar reňkli bal öndürip bilermi?
  10.02.2023
1424
Arylar reňkli bal öndürip bilermi?

Golaýda, aryçylar arylarynyň «ýaşyl we gök tebigy däl kölegelerde» bal ýasaýandyklaryna göz ýetirdiler. Fransiýanyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän şokolad fabriginden (M&M) galyndylary gaýtadan işleýän biogaz zawody bar. Onuň töweregindäki aryçylar balarylarynyň ýaşyl we gök reňkli bal ýasaýandyklaryna göz ýetirdiler. Britan aryçylar birleşiginiň wekili munuň sebäbiniň arylaryň zawodyň galyndylary bilen iýmitlenmegi bilen baglanyşyklydygyny düşündirdi. Fransuz aryçylary bolsa ýaşyl we gök bal ýygnadylar. Maglumata görä, arylar jülgelere uçmagy bes edipdirler we bu konditer zawodyndan çykýan galyndylarda mesgen tutupdyrlar. Şondan soň hem, awgust aýyndan bäri on iki sany aryçylyk fermasynyň balary öýjagazlarynda üýtgeşik reňkli ballar peýda bolup başlady.

Aryçylar bu ugurda öz derňewlerini geçirdiler we netijede şeýle metamorfozlaryň, ýagny üýtgemeleriň sebäbi bu konditer zawody bolup biler diýen netijä geldiler. Ýerli ýaşaýjylar gök, ýaşyl we goňur süýji boýaglarynyň galyndylary bolan gaplarda köp sanly balarylaryna duş geldiler. Emma şeýle reňkli balyň adaty baldan tapawutlylykdaky täsiri zerarly bu ýagdaýyň öňüni almak boýunça degişli çäreler görüldi. Mundan başga-da, süýji boýagynyň arylaryň içki fiziologiýasyna ýetirýän täsiri-de göz öňünde tutuldy. Mälim bolşy ýaly, Fransiýa Ýewropa Bileleşiginiň iň uly bal öndürijilerinden biridir. Bu önüm ýylda 18 müň tonnadan gowrak möçberde öndürilýär. Fransiýanyň diňe şol sebitiniň özünde ýylda 35 müň koloniýaly 2,4 müň töweregi balaryçy bar, olar ýylda müň tonna çenli bal öndürýärler.

Ýeri gelende belläp geçsek, bal öz reňkini arylaryň ýygnamak üçin gonýan gül tozanjyklaryndan alýar. Ösümlikler ýylyň dürli döwürlerinde gülleýär we arylar ýylboýy bal ýygnaýandyklary sebäpli, möwsümden möwsüme dürli-dürli bal öndürip biler. Şeýle-de bolsa, bal adaty sary reňkde bolar. Dürli reňkli bal almak isleseňiz, onda arylary emeli reňkler bilen, süýjülikler bilen iýmitlendirmeli bolarsyňyz.

Şeýle hem, balyň reňkine gülleriň düzümindäki kükürt, kaliý, kalsiý, magniý, natriý, mis, demir we marganes ýaly minerallar hem uly täsir edýär. Balyň reňki önümiň antioksidant häsiýetini hem açyp görkezýär. Adatça reňk näçe goýy bolsa, balyň antioksidant düzümi-de şonça ýokarydyr. Goýy reňkli bal adaty reňkli baldan 20 esse köp peýdaly antioksidantlary öz içine alýar. Şeýlelik bilen, lukmançylyk nukdaýnazaryndan hem bal saýlananda onuň goýy reňkli bolmagyny göz öňünde tutmaklyk möhümdir. 

 

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.