Balaryçylygyň önümlerine degişli bal, mum, ary ýelimi, balary zäheri we beýlekiler bal ary maşgalasynyň işjeňligi netijesinde döreýär. Esasy bal ýygymy döwründe guta köp mukdarda şire getirilýär.
Barlag gutularyň görkezişlerine görä, ýandagyň güllän mahalynda bal arylarynyň gündelik getirýän nektary 3 kg çenli bolýar. Nektaryň şeýle getirilmeginde 12 çarçuwaly guty 7-8 günde, 20 çarçuwaly uzyn guty bolsa 10-12 günuň içinde baldan dolýar.
Bal ýygymy oňat bolanda arylar ähli çarçuwalara bal goýmaga çalyşýarlar, bu bolsa ene arynyň ýumurtga guzlamaklygynyň kemelmegine eltýär sebäbi nãçe iýmit tolpansa erkek arynyň kõpelmegine getirýär.
Erkek arylar ömrüni nanýagysy edip geçirýär, erkek arylar işe ukyply jandar däl. Ene arynyň guzlamagynyň kemelmegine ýol bermezlik üçin, balaryçynyň baly gutulardan wagtly-wagtynda çykaryp alyp durmagy gerek, ýone bu işde howlukmak hem bolmaz. Sebäbi çarçuwanyň daşky tarapynda soňky ýygnanan balyň peýda bolmagy we içi liçinkaly öýjükleriň üstüniň ýapylmagy gerek.
Şonuň üçin bal almakda ýazda ýygnanan pergasy we baly bolan 2 çarçuwadan hem-de açyk liçinkaly çarçuwalardan beýlekileri peýdalanylýar. Birinji nobatda seresaplyk, emaý bilen ýapyk aryjykly çarçuwalar çykarylyp alynýar we baly alynandan soň dessine ýerinde goýulýar.
Dawut Döwletgeldiýew,
Türkmen oba hojalyk instituty
TKA-nyň talyp hakynyň eýesi
3-nji ýyl talyby