Bal bu tebigatyň döreden ajaýyplyklarynyň iň oňady bolup, balarysy ony ösümlikleriň gül we beýleki ösümlik şirelerinden ýygnap, gaýtadan işläp emele getirýän önümi hasaplanýar.
Alymlaryň hasaplamalaryna görä 1kg baly öndürer ýaly şiräni (nektary) ýygnamak üçin balarylary orta hasap bilen azyndan 5 million güle gonup, 430-450 mün kilometre çenli ýol geçýär.
Bal gelip çykyşy boýunça iki topara: gül we pedew balyna bölünýär. Gül balyny balarylary ösümlikleriň gülüniň şiresini gaýtadan işläp emele getirýär. Pedew baly bolsa, balarylarynyň ösümlikleriň ýapraklaryndan, baldaklaryndan şeýle-de käbir mör-möjekleriň (şireje) ösümliklerden ýygnan süýjümtik suwuklyklaryndan alyp, soňra ony işläp taýýarlaýan baly hasaplanýar. Gül baly öz gezeginde poliflerewe monoflara bölünýär. Eger bal diňe bir ösümligiň güllüniň şiresinden ýygnalan bolsa oňa monoflar (birhilli bal), dürli ösümliklerden ýygnalan bolanda polifler (gatyşyk bal) diýilýär. Türkmenistanyň şertlerinde ýygnalan ballar esasan poliflerdir.
Dawut Döwletgeldiýew,
Türkmen oba hojalyk instituty
TKA-nyň talyp hakynyň eýesi
3-nji ýyl talyby