Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk ― Watan goragçylarynyň milli taglymy ✦ ✦ «COP29»: ekologik başlangyçlarda täzeçil çemeleşmeler ✦ ✦ Türkmenistan bilen BAE-niň söwda dolanyşygy $1,3 milliarda ýetdi ✦ ✦ Ýaşlaryň döredijiliginde Aşgabat şäheriniň gözel keşbi ✦ ✦ Italiýanyň hünärmenleri bilen bilim mümkinçilikleri maslahatlaşyldy ✦ ✦ Sagdyn nesli kemala getirmek ugrunda ✦ ✦ Çagalar bakja-bagymyzda... ✦ ✦ Bitaraplyk — halkymyzyň milli taglymaty ✦ ✦ Bitarap Türkmenistan - halkara ylalaşyklaryň mekany ✦ ✦ Türkmenistan –“Visa” hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli işewürlik forumy geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 20-nji ýubileý sany çap edildi
  11.09.2024
145
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 20-nji ýubileý sany çap edildi

Türkmenistanyň Magtymguly ýaşlar guramasynyň «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 20-nji ýubileý sany çap edildi. Elektron neşiriň ýubileý sany şu ýylyň sekizinji sanyna gabat geldi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi. “Arkadagly ýaşlar” žurnaly gysga wagtyň içinde okyjylaryň uly söýgüsini gazandy we uly gyzyklanma döretdi.

 

Geçen aý Gyrgyzystanda geçirilen we Türkiýe döwletleriniň Guramasyna agza we synçy ýurtlaryň meýletinçilik işi boýunça geçirilen halkara ýaş meýletinçiler üçin okuw maslahatyna türkmen ýaşlarynyň wekiliýetiniň gatnaşmagy «Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýaş meýletinçileriň orny» atly makalada öz beýanyny tapýar. Mundan başga-da «Talyplyk ýyllary – uly mümkinçilikleriň döwri», «Medeni mirasyň hukuk goraglylygy» atly makalalar neşiriň täze sanynda iňňän täsirli ýazylypdyr. 

 

Neşiriň bu sanynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çykyşlaryň tapgyry «Köňülleriň şahyry» atly makala bilen dowam etdirilýär. «Ýunus Emräniň eserlerinde ruhy-ahlak ýörelgeler» atly makalanyň awtory gozgalýan mesele barada takyk mysallary getiripdir.

 

Neşiriň bu sany “Ýaş waspçy” bäsleşiginiň ýeňijisi we owadan suratlar bilen tamamlanýar. Şu gezekki fotokollajda ýakynda paýtagtymyzda geçirilen «Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin» atly sergi-ýarmarkasy şöhlelendirilýär.

 

Aýnur JUMABERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
talyby.