Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦ ✦ Türkmen tennisçileri halkara ýaryşda baýrakly orunlary eýelediler ✦ ✦ Bitaraplygyň buýsanjy ✦ ✦ Лучший студент тюркских народов –Давуд Довлетов ✦ ✦ Türki halklaryň iň gowy talyby – Dawut Döwletow ✦ ✦ Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistanda dil bilimini ösdürmek üçin täze kitap ✦ ✦ Täze dil gollanmasy okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk:Sanly serhedi goramak ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /«Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalyň nobatdaky sany okyjylara ýetirildi
  10.05.2024
187
«Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalyň nobatdaky sany okyjylara ýetirildi

"Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalyň dördünji sany okyjylara ýetirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Žurnalyň ilkinji sahypalarynda Aşgabat şäherinde geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşa we onuň türkmen janköýerlerini begendiren netijelerine bagyşlanan şeýle-de «Il saglygy ― ýurt baýlygy» atly 7-nji aprelde ýurdumyzda bellenilen Bütindünýä saglyk gününiň ähmiýetine degişli makalalar ýerleşdirilen. 

 

Geçen aýyň iň iri wakalarynyň biri bolan Aşgabat ― Türkmenabat aralygyndaky ýokary tizlikli awtoýoluň Tejen ― Mary böleginiň açylyp, ulanylmaga berilmegine bagyşlanan «Ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleri kuwwatlanýar» atly makala okyjylar köpçüliginiň ünsüni özünde jemleýär.

 

«Öýüm bar ― ülkäm bar» atly makaladan bolsa milli mirasymyzyň öý bilen bagly dürdäneleriniň birnäçesi bilen tanşyp bolýar. Şol sahypalarda rus dilinde ýerleşdirilen makalada türkmen ýaşlarynyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilen halkara foruma gatnaşmagy dogrusynda söhbet açýar. 

 

23-nji aprelde Ýer ýüzi Bütindünýä kitap gününi belläp geçdi. Bu şanly sene neşiriň sahypalaryndan hem mynasyp orun alypdyr. «Kitap ― paýhaslar ummany» atly Bütindünýä kitap gününe bagyşlanan makala bu ähmiýetli günüň waspyny giňden beýan edýär. 

 

Aprel aýynda bellenilip geçilen Türkmen bedewiniň milli baýramy neşiriň sahypalarynda giňişleýin şöhlelenýär. «Türkmenistanyň harytlar we hyzmatlar bazaryny ösdürmegiň esasy ugurlary» atly makalada bolsa pudakda işewürleriň täze nesliniň ornuna aýratyn üns berilýär.

 

«Sanly ulgamlar arkaly bahalandyrmak» diýlip atlandyrylýan nobatdaky makalada okuw işlerine sanly ulgamy ornaşdyrmakda täzeçil teklipler orta atylýar. Neşiriň «Ýaşlar ylym dünýäsinde» atly däbe öwrülen tapgyrynda bu gezek zehinli ýaşlaryň alyp baran ylmy gözlegleri barada gürrüň berilýär.

 

«Halk lukmançylygynda atgulagyň ähmiýeti» atly makalanyň dermanlyk ösümlikleriň bilen gyzyklanýan okyjylar üçin gyzykly boljagyna ynanýarys. Adatdakysy ýaly, neşirde täsirli makalalar we çykyşlar bezegler bilen baýlaşdyrylypdyr. 

 

Gülnabat TOÝÇYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.