logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Arkadag şäheriniň Beýik Britaniýada tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
  24.04.2023
956
Arkadag şäheriniň Beýik Britaniýada tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Beýik Britaniýanyň «akylly» şäherleriniň hataryna girýän Milton-Kins şäheriniň häkimliginiň binasynda Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky Ilçihanasynyň wekilleriniň Milton-Kins şäheriniň dolandyryş edarasynyň ýolbaşçy wekilleri bilen duşuşygy hem-de onuň dowamynda Arkadag şäheri bilen giňişleýin tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Tanyşdyrylyş dabarasynda Türkmenistanyň Beýik Britaniýaniýadaky Ilçisi Ý.Serýaýew çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler barada gürrüň bermek bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda, «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp, Arkadag şäheri boýunça alnyp barylýan işler barada duşuşyga gatnaşyjylary giňişleýin tanyşdyrdy we degişli foto şekiller bilen birlikde maglumatlary beýan etdi.

Çäräniň dowamynda britan tarapy, Milton-Kins şäheri barada, onuň taryhy, ilaty, «akylly» şäher hökmünde dürli ugurlarda ulanylýan häzirki zaman tehnologiýalary, şäheriň ykdysady ösüşi, 2050-nji ýyla çenli ösüş maksatnamasy barada maglumatlar berdi.

Milton-Kins şäheriniň Dolandyryş edarasynyň Geňeşiniň ýolbaşçysy Piter Marland öz çykyşynda Milton-Kins şäheriniň daşary ýurtlaryň «akylly» şäherleri bilen hyzmatdaşlyk edýändigini habar berdi.

Ýeri gelende belläp geçsek, Arkadag şäheri bilen hem hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we Milton-Kins şäheriniň dolandyryş edarasynyň wekilleriniň Türkmenistana sapary amala aşyrmaga gyzyklanma bildirilýändigi bellendi.