5-6-njy iýunda Arkadag şäherinde «Uglewodorod känlerini işläp taýýarlamagyň energetika geljegi, täze tehnologiýalary we ekologiýa jähtleri» atly Halkara ylmy maslahat (TESC-2024) geçirilmegi göz öňüne tutulýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Bu çärede nebitgaz pudagynyň öňdebaryjy hünärmenleri, alymlar we halkara guramalarynyň wekilleri energetikanyň geljegi bilen baglanyşykly wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar. Türkmenistanda ekologiýa meselelerine, hususan-da, nebit we gaz ýataklary özleşdirilende metanyň we onuň bilen ugurdaş gazyň zyňyndylarynyň azalmagyna ýokary ähmiýet berilýär.
Geçiriljek maslahatyň esasy maksady – Türkmenistanyň döwlet guramalary bilen daşky gurşawy goramak we ýaşyl geljege gönükdirilen iri energetika kompaniýalarynyň, akademiki jemgyýetler we maliýe edaralarynyň arasynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr.
«TESC-2024» nebitgaz tehnologiýalary pudagyndaky täze ylmy işler bilen tanyşdyrmakda, uglewodorod baýlyklaryny tygşytly ulanmak we energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça tekliplerin taýýarlamakda möhüm meýdança bolup hyzmat eder. Şeýle hem forum işewürlik, ylym we döwlet edaralarynyň wekilleriniň arasynda işewür gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly ýardam eder.
Bu çäräni Türkmenistanyň milli energiýa kompaniýasy bolan «Türkmen forum» we «GaffneyCline» britan kompaniýasy bilelikde guraýarlar. Maslahat göni we onlaýn görnüşde alnyp barylar. Häzirki wagtda oňa gatnaşjaklaryň hasaba alynmagy guramaçylaryň saýtynda dowam etdirilýär.
Aýgül GANDYMOWA,
Türkmen Döwlet maliýe institutynyň
2-nji ýyl talyby.