Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi dowam edýär
  24.06.2024
353
Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi dowam edýär

Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 22-nji iýunynda Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi. 2013-nji ýyldan bäri yzygiderli guralýan medeni forum umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna uly goşant goşan halkymyzyň taryhy-medeni mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berip, ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýär. 

 

Hepdeligiň çäklerinde geçirilýän çäreleriň opera, aýdym-saz, kino we teatr, şekillendiriş, amaly-haşam sungaty, edebiýat, halk döredijiligi ýaly häzirki zaman türkmen medeniýetiniň ähli ugurlaryny özünde jemleýändigini bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Medeniýet hepdeligi Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde ýerleşýän Arkadag şäherinde geçirilýär. Bu «akylly» şäheriň durmuş ulgamyna öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalar ornaşdyrylandyr. Onda ekologiýa ýaly möhüm ugra aýratyn üns berlip, binalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa gurluşyk serişdelerinden peýdalanyldy. Şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygarynyň many-mazmuny watançylyk ruhuny belende götermekden, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekden, olary şöhratly taryhymyzy, medeniýetimizi öwrenmäge höweslendirmekden ybaratdyr. 

 

Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýän Medeniýet hepdeligi medeniýeti, sungaty, sözi ýene bir ýola has belentden sarpalamaga döredilen mümkinçilikdir. Hepdeligiň çäklerinde opera, aýdym-saz, kino we teatr, şekillendiriş, amaly-haşam sungaty, edebiýat, halk döredijiligi ýaly häzirki zaman türkmen medeniýetiniň ähli ugurlaryny özünde jemleýän çäreleriň meýilleşdirilmegi munuň şeýlediginiň aýdyň beýanydyr. Şeýle hem ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk konsertidir döredijilik agşamy, Arkadag şäheriniň açylmagynyň 1 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabaralary medeni forumyň çäreleri bilen utgaşdyrylar.

 

Medeniýet hepdeligi 27-nji iýuna çenli dowam edýär.

 

Maýa ASTANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.