Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦ ✦ Türkmen tennisçileri halkara ýaryşda baýrakly orunlary eýelediler ✦ ✦ Bitaraplygyň buýsanjy ✦ ✦ Лучший студент тюркских народов –Давуд Довлетов ✦ ✦ Türki halklaryň iň gowy talyby – Dawut Döwletow ✦ ✦ Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistanda dil bilimini ösdürmek üçin täze kitap ✦ ✦ Täze dil gollanmasy okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk:Sanly serhedi goramak ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Arkadag şäheri – ýaşlaryň şäheri
  28.06.2024
259
Arkadag şäheri – ýaşlaryň şäheri

2019-njy ýylyň 10-njy apreli ýurdumyzda ýatdan çykmajak seneleriň biri boldy. Şol gün Gahryman Arkadagymyz Diýarymyzda ilkinji gezek guruljak sebitde iň iri, ekologik taýdan arassa we akylly şäher bolan Arkadag şäheriniň giňden düýbüni tutup, onuň ilkinji gurluşygyna badalga berdi. Bu täsin we akylly şäheriň gurluşygy hem uly ili haýran galdyrdy, sebäbi bary ýogy iki ýarym ýylyň içinde ägirt uly şäher gözler öňünde ör boýuna galdy. Şeýle gysga wagtyň içinde 336 sany ägirt uly binany dikeltmek, bu hakykatdan hem haýran galdyryjy.

 

Arkadag şäheriniň gurluşygy ýöne bir gurluşyk işi bolman, onuň gurluşygyna dünýäniň iň öňdebaryjy we iň kämil tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman daşary ýurt gurluşyk kompaniýalary işjeň gatnaşdy. Bu ekologik taýdan arassa we mermer binaly gözel şäherde halkymyzyň rahat we abadan ýaşamaklary üçin döwrebap şertler döredilendir. Şäherde 9 sany saglyk we sport binasynyň gurlup ulanylmaga berilmegi bolsa şol ýeriň ýaşaýjylarynyň bu desgalara baryp özleriniň saglygyny dikeltmäge, sport bilen meşgullanmaga, durmuşdan lezzet almaga ähli şertleriň bardygynyň aýdyň subutnamasydyr. Mundan başga-da iň kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap şäherde türkmen ýaşlarynyň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup ýetişmekleri üçin hem uly aladalar edilendir. Muňa mysal edip Arkadag şäherinde gurlan 19 sany bilim edarasyny görkezmek bolýar. Olaryň arasynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher orta hünär okuw mekdebi ýaly birnäçe abraýly ýokary we orta okuw mekdepleri bar. Bu bilim ojaklaryna beýik şahsyýetleriň atlarynyň dakylmagy bolsa, geljekki ýaş nesliň  şol beýik atlardan ruhlanyp peder ýoluny dowam etjek, yhlasly, päk ahlakly, watansöýüji ýaşlar bolup kemala gelmegine ýardam berer.

 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäheriniň açylanlygyna bir ýyl dolýar. Bu şanly senä türkmen halky uly buýsanç we begenç bilen garaşýarlar. Ýurdumyzda ilkinji gezek bellenilýän Arkadag şäheriniň bir ýyllyk toýy Diýarymyzyň ähli künjeklerinde uly şatlyk-şowhuna dolar.

 

Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Arkadag şäheriniň gurluşygy dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede alnyp barylýar. Şäherde halkymyzyň rahat ýaşamagy üçin ähli döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Halkymyz bolsa şol eşretli durmuşyň hözirini görüp  abadan durmuşdan lezzet alyp ýaşaýarlar.

 

Laçyn MÄTJÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.