Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Arkadag şäheri – geljegiň şäheri
  04.07.2024
204
Arkadag şäheri – geljegiň şäheri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda giň gerimli, il-ýurt bähbitli beýik işler durmuşa geçirilýär. Arkadag şäheriniň gurluşygy bolsa şeýle tutumly işleriň diňe bir mysaly bolup durýar.

 

Arkadag şäheriniň gurluşygy ýöne bir gurluşyk işi bolman, onuň gurluşygyna dünýäniň iň öňdebaryjy we iň kämil tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman daşary ýurt gurluşyk kompaniýalary işjeň gatnaşdy. Bu ekologik taýdan arassa we mermer binaly gözel şäherde halkymyzyň rahat we abadan ýaşamaklary üçin döwrebap şertler döredilendir. Şäherde 9 sany saglyk we sport binasynyň gurlup ulanylmaga berilmegi bolsa şol ýeriň ýaşaýjylarynyň bu desgalara baryp özleriniň saglygyny dikeltmäge, sport bilen meşgullanmaga, durmuşdan lezzet almaga ähli şertleriň bardygynyň aýdyň subutnamasydyr. Mundan başga-da iň kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap şäherde türkmen ýaşlarynyň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup ýetişmekleri üçin hem uly aladalar edilendir. Muňa mysal edip Arkadag şäherinde gurlan 19 sany bilim edarasyny görkezmek bolýar. Olaryň arasynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher orta hünär okuw mekdebi ýaly birnäçe abraýly ýokary we orta okuw mekdepleri bar. Bu bilim ojaklaryna beýik şahsyýetleriň atlarynyň dakylmagy bolsa, geljekki ýaş nesliň  şol beýik atlardan ruhlanyp, peder ýoluny dowam etjek, yhlasly, päk ahlakly, watansöýüji ýaşlar bolup kemala gelmegine ýardam berer.

 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary, egsilmez yhlasy, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza çäksiz söýgüsi bilen sanlyja ýyllaryň içinde kemala gelen häzirki zamanyň «akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan Arkadag şäheri dünýä jemgyýetçiliginiň gyzyklanmasyny artdyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işlere, ajaýyp özgertmelere, eziz Diýarymyzyň her gününi bezeýän buýsançly wakalara halkymyz tüýs ýürekden guwanýar. Täze şäheriň gurluşygynda ekologik talaplaryň berk berjaý edilmegi, adamlaryň bagtyýar we uzak ömür sürmegi üçin arassa howa gurşawynyň döredilmegi üns merkezinde saklanyldy. Bu ýerde «ýaşyl» tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy, sanly tehnologiýalaryň, intellektual ulgamlaryň ornaşdyrylmagy bilen «akylly» şäher konsepsiýasy durmuşa geçirilýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamalarynyň möhüm talabydyr. Dünýäniň häzirki zaman şäherleriniň hatarynda möhüm orny eýelejek Arkadag şäheriniň arhitektura keşbinde halkymyzyň milli ruhuna kybap gelýän özboluşly gözellik bar. Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlary bilen şäherde döwrebap durmuş düzümleriniň döredilmeginde ýaşlaryň täzeçil tekliplerine, ukyp-başarnyklaryna uly ähmiýet berilmegi-de aýratyn bellärliklidir.                                                                                     Türkmen halkyny röwşen geljege sary alyp barýan, ýurdumyzyň abraýyny halkara giňişliklerde has-da belende göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

 

 

Şahnoza ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.