Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Uzak ýaşaň Arkadag! - Toýly Jänädow ✦ ✦ Bir gektar ýerdäki ösümlikler näçe kislorod öndürýär? ✦ ✦ Ekerançylyk medeniýetiniň gözbaşy ✦ ✦ Arkadag şäheri – ýaşlaryň şäheri ✦ ✦ 1 million tonnadan gowrak bugdaý Watan harmanyna tabşyryldy ✦ ✦ Medeniýetiň sarpalanýan diýary ✦ ✦ «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň IV möwsümi başlandy ✦ ✦ «Magtymguly» diýip adym tutsalar... ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap durmuşyň nusgasy ✦ ✦ Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi dowam edýär ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Arkadag şäheri — döwrebap durmuşyň nusgasy
  25.06.2024
55
Arkadag şäheri — döwrebap durmuşyň nusgasy

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 29-njy iýunynda «akylly» şäheriň dabaraly ýagdaýda açylmagyna bir ýyl dolýar. Şu mynasybetli täze şäherde baýramçylyk dabaralary meýilleşdirildi.

 

Arkadag şäheri —  türkmen topragynda durmuşyň haýran galdyryjy derejede öňe gidýändiginiň, guwandyryjy ösüşlerimiziň aýdyň güwäsi. Şunuň bilen baglylykda, Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Arkadag şäheriniň açylmagynyň 1 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabaralara hem giň orun berilýär. Baý mazmunly çärelerde täze şäheriň sazlaşykly ösüşi, ilatyň bagtyýar durmuşy, bu künjegiň ajaýyplyklary öz beýanyny tapýar.

 

Mälim bolşy ýaly, gurýan, döredýän döwlet kuwwatlydyr. Bu düşünje täze döwrüň gurmak ýolunyň, häzirki zamanyň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýän binagärlik sungatynyň aýdyň beýanydyr. Ol ruhy-medeni gymmatlyklarymyz ýaly, beýik döwrüň aýdyň keşbini özünde şöhlelendirýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasy döwrüň ruhuna kybap derejede durmuşa geçirilýär. Innowasion teklipler, täze garaýyşlar esasynda işlenip düzülen bu maksatnamada göz öňünde tutulan gurluşyk işleriniň ekologik howpsuzlygyna, hil derejesine aýratyn üns berilýär.

 

Gahryman Arkadagymyzyň şähere ýygy-ýygydan iş saparyny amala aşyryp, onuň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda göz öňünde tutulýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşmagy, olara degişli düzedişleri girizmegi, bu ugurda gyzyldan gymmatly maslahatlaryny bermegi sebitde iň iri şähergurluşyk taslamasyny dolulygyna we kämil derejede durmuşa geçirmekde örän möhüm ähmiýete eýedir.

 

Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň çäginde taýýarlanylan taslamalar, meýilleşdirilýän gurluşyk işleri, täze binalar, döwrebap desgalar ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny, täze tejribeleri özünde jemleýär. Döwrümiziň buýsanjyna öwrülen Arkadag şäheri täze keşbi, gözel görki bilen nur saçýar. Ol ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerini, abadançylygyny, şäher ilatynyň bagtyýar durmuşynyň, sagdyn ýaşaýşynyň ýokary derejede üpjün edilýändigini aýdyň şöhlelendirýän aýnadyr.

 

Eziz EMINOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.