Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ahal welaýatynda täze suw arassalaýjy desgalar açyldy ✦ ✦ Telemedisina sanly tehnologiýa arkaly hyzmat bermek ✦ ✦ Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalar ✦ ✦ Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikeri - tebigatyň şypaly hazynasy ✦ ✦ Günde näçe ädim saglyk üçin peýdaly ✦ ✦ Hajy Bekdaş Weli — şahyrlar piri ✦ ✦ «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň IV möwsüminiň III oýny geçirildi ✦ ✦ Zehin bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Ykdysady ösüş jemgyýetiň durnukly geljegi ✦ ✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Arkadag şäheri — bagtyň nury
  08.12.2024
87
Arkadag şäheri — bagtyň nury

Dünýä jemgyýetçiliginiň ýaşaýyş-durmuş zerurlyklary, islegleriň özgermegi täzeçil çemeleşmeleriň ýüze çykmagyna getirýär. Şonuň bilen birlikde  Arkadag şäheri döwrümiziň ajaýyp aýratynlyklaryny özünde jemläp, köňüllere şatlyk paýlaýar. Şahyryň aýdyşy ýaly, binasy berk, belent-belent jaýlary özünde jemleýän döwrebap Arkadag şäheriniň gündizleri görkana, gijeleri nuranadyr. Bu şäheriň müň dürli öwüşginli yşyklary özünde jemleýän gijeki owadan görnüşleri göýä asmandan Zemine, gojaman Köpetdagyň etegine inen ýyldyzlardan düzülen monjuga çalym edýär.

 

Türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň  döredijilikli içeri we daşary syýasatyny, ýurdumyzy ýakyn ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerini, şeýle hem ýurdumyzda alnyp barylýan uly möçberli düýpli özgertmeleri doly goldaýar we bu il-ýurt bähbitli işleri üstünlikli durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. 

 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeleri hem döwrümiziň, durmuşymyzyň baş taglymatyna öwrüldi. 

 

Halkymyzyň bagtyýar günleriň gujagynda eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Gülşirin REJEPOWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher
mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.