logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Society /Arassa gurşaw-sagdyn ýaşaýyş
  01.02.2021
840
Arassa gurşaw-sagdyn ýaşaýyş

      Ýurdumyzda ekologiýany goramak baradaky syýasaty bütündünýä gyzgyn goldawa eýe bolýar. Bu syýasatyň esasy mazmuny adamyň ýaşaýşynyň we işiniň esasy hökmünde çykyş edýän tebigat gurşawyny abat saklanylmagy hem-de onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Türkmenistanyň häkimýet we dolandyryş edaralary, edara görnüşündäki taraplary, raýatlary tebigy gurşawyň ýagdaýyna täsir edýän hojalyk dolandyryş işini hem-de başga işi amala aşyranlarynda görkezilen ugurlardan ýörelge almalydyrlar. “Türkmenistanda, ýurdymyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” ekologiýa syýasatyny, durmuşa geçirmek baradaky wezipeler aýratyn orun tutýar.

      Türkmenistanyň Konstitusiýasy hem-de ekologiýany gorap saklamak babatyndaky kanunçylyk namalary ekologiýa syýasatynyň hukuk esasyny düzýär. Kanunçylykda göz öňünde tutulşy ýaly, raýatlara tebigaty goramak babatda giň hukuklar berilýär. “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylymyzda tebigy gurşawy goramak, onuň serişdelerinden netijeli peýdalanmamak hakynda kanunçylygy we ekologik dolandyryşy kämilleşdirmek, ekologik ýagdaýy sagdynlaşdyrmak babatda möhüm çäreler amala aşyrylýar. Ýurdymyzyň welaýatlarynda ýerli wekilleriň gatnaşmagynda duşuşyklary gurnap, tebigaty aýawly saklamak ugrunda wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Şeýle çärelerde il sylagly ýaşulylar, edara işgärleri, degişli gulluklaryň wekilleri tebigaty aýawly saklamagyň zerurlygy dorusynda täsirli çykyşlary edýärler. Wagyz-nesihat çäreler adamzadyň durmuşyny, ýer planetamyzyň ekologik goraglylygyny ýokarlandyrmaga oňyn itergi berýär!