Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Arap ykdysady hyzmatdaşlygy forumynyň üçünji mejlisi geçirildi
  04.05.2024
396
Arap ykdysady hyzmatdaşlygy forumynyň üçünji mejlisi geçirildi

Şu ýylyň 29-30-njy aprelinde Katar Döwletiniň Doha şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlary we Azerbeýjan Respublikasy bilen Arap ykdysady hyzmatdaşlygy forumynyň üçünji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Türkmen tarapy öz çykyşynyň dowamynda Azerbeýjanyň, Merkezi Aziýa we Arap ýurtlarynyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmekde edilýän tagallalaryň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti dogrusynda belläp geçdi. Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlary hökmünde söwda-senagat, ulag-energetika, daşky gurşaw ýaly pudaklaryň çykyş edýändigi nygtaldy. 

 

Çäräniň dowamynda Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň departamentiniň başlygy bilen duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşlikde  taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, ýokary derejede amala aşyrylýan özara saparlaryň ähmiýetine üns berdiler. Şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge iki halkyň özara medeniýet günleriniň geçirilmeginiň we hökümetara türkmen-katar toparynyň işiniň itergi berýändigi bellenildi. 

 

Nasiba JORAÝEWA,
Çärjew etrabynyň 50-nji orta mekdebiniň
başlangyç synp mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň
işjeň agzasy.